Hindistanyň güller jülgesi

3

Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň ete­gin­de Ut­ta­rak­hand şta­ty­nyň gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýän Gül­ler jül­ge­si Hin­dis­ta­nyň ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len iň meş­hur ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Nan­da De­wi mil­li se­ýil­gä­hi­niň çä­gin­de ýa­ýy­lyp ýa­tan Gül­ler jül­ge­sin­de 500-den gow­rak ýa­ba­ny gül ös­ýär. Jül­ge­dä­ki gül­ler gar­ly dag ge­riş­le­ri, şag­la­wuk­lar we ba­şy du­man­ly dag ge­riş­le­ri bi­len saz­la­şyp, te­bi­ga­tyň tä­sin gö­zel­li­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Gül­ler jül­ge­si di­ňe bo­ta­nik­le­riň ar­zu­wy däl, eý­sem, te­bi­ga­ty sö­ýü­ji­le­riň we sy­ýa­hat­çy­la­ryň hem ge­ze­lenç et­mek is­le­ýän ýer­le­riniň bi­ri­dir.
Gül­ler jül­ge­si­ne Go­windg­hat şä­he­rin­den dikuçar­ly ýa-da ula­gly ba­ryp bol­ýar. 3 müň metr­den gow­rak be­lent­lik­de açy­lyp otu­ran gül­le­ri gör­mek üçin 3-4 ki­lo­metr ýö­re­me­li. Bu ýer­de goş-go­la­my­ňy ýo­ka­ry äkit­mek üçin iş mal­la­ry ula­nyl­ýar. Gül­ler jül­ge­si­niň hemişelik ýa­şaý­jy­sy ýok. Jül­gä iň ýa­kyn oba Ghan­ga­ri­ýa bo­lup, sy­ýa­hat­çy­lar ki­çi­jik oba­da myh­man­çy­lyk­da gal­ýar­lar. Oba­da ki­çi myh­man­ha­na­lar we ýö­ri­te myh­man öý­le­ri bar.
Gül­ler jül­ge­si­ne ge­ze­lenç et­mek üçin iň go­wy möw­süm iýul-aw­gust aý­la­ry ha­sap­lan­ýar. Hin­dis­tan­da iýun aýyn­da ýa­gyş möw­sü­mi­niň (mus­son) baş­la­ma­gy bi­len jül­ge­de owa­dan gül­ler açy­lyp, ysy bark ur­ýar. Se­bit­de to­mus möw­sü­mi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, Gül­ler jül­ge­si al-ýa­şyl gö­zel­li­gi we dür­li reňk­li gül­le­ri bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Owa­dan jül­ge­de ge­ze­lenç edip ýör­käň, Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň haý­wa­nat dün­ýä­si­ni hem ýa­kyn­dan syn­la­mak bol­ýar. Gül­li meý­dan­da gar bar­sy, Gi­ma­laý gök goý­ny, guş­la­ryň we ke­be­lek­le­riň ýüz­ler­çe gör­nü­şi duş gel­ýär. Gül­ler jül­ge­si dag te­bi­ga­tyn­da asu­da dynç al­mak üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri­dir.