Dünýäde iň köp tomaşa edilýän iki sport çäresiniň biri bolan Dünýä Kubogy uludan-kiçi hemmäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan futbol baýramçylygy hasaplanýar. Ilkinji gezek 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilen Dünýä Kubogy häzirki wagtda Halkara Futbol Assosiasiýasy (FIFA) tarapyndan guralýar we oýunlara professional futbolçylar gatnaşýar. Dünýä Kubogynyň ilkinji ýaryşyna 13 topar gatnaşan bolsa, bu ýylky ýaryşda
48 topar çykyş edýär. Ortaça 60 müňden gowrak tomaşaçynyň janköýerlik etmeginde geçirilýän futbol ýaryşlary bu ýyl 23-nji gezek geçirilýär. Eýsem, dartgynly pursatlara baý, gyzykly we gyzgalaňly ýagdaýda geçýän Dünýä Kubogynyň ilkinji goluny kim geçirdikä?!
Dünýä Kubogynyň ilkinji goluny geçiren şahsyýet Lýusen Loran bolup, onuň esasy käri maşinist eken. Şol döwürler futbol professional hünär bolman, eýsem, köpleriň işden boş wagty gyzyklanýan güýmenjesi bolupdyr. Lýusen Loran hem şolaryň biri bolup, ol fransuz awtoulag brendi bolan «Peugeot» zawodynda işläpdir. Şol wagt 22 ýaşyndaky Loran dynç alyş günleri zawodyň toparynda kärdeşleri bilen futbol oýnapdyr.
1930-njy ýylyň başynda Dünýä Kubogy döredilýär we ýaryş guramak üçin ýurtlar boýunça höwesjeňler çagyrylýar. Ýöne Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi Birinji Jahan urşundan soň ykdysady çökgünligi başdan geçirýändigi sebäpli, gatnaşmakdan ýüz öwürýär. Fransiýa ýaryşa gatnaşmak isleýär we ýurduň Futbol federasiýasy oýunçy gözläp ugraýar. Köp zawodlar we kärhanalar futbola höwesjeň işçilerine tölegsiz rugsat bermek islemeýär. Emma «Peugeot» zawody özüniň höwesjeň futbol toparyna tölegsiz rugsat berýär. Şeýlelikde, sporta höwesli Lýusen Loran, onuň uly dogany Žan Loran we topardaşlary 1930-njy ýylyň 19-njy iýunynda gämä münüp, Urugwaýa tarap ýola düşýärler. 15 günlük ýüzüşden soň, Fransiýadan, Belgiýadan we Rumyniýadan Dünýä Kubogyna gatnaşmak üçin toparlar porta gelýärler.
Urugwaýyň paýtagty Montewideodaky «Pocitos» stadionynda gyşyň sowuk güni Fransiýa bilen Meksikanyň arasynda açylyş oýny guralýar. Hemmeler howsalaly ýagdaýda oýnuň ilkinji goluna garaşýardylar. Oýnuň 19-njy minutynda fransuz oýunçysy Ernest Liberati meýdançanyň sag gapdalyndan topy batly öňe depýär. Lýusen Loran bolsa topy howada uçup gelýärkä depip, derwezä gol geçirýär. Meksikaly derwezeçi Bonfilio oýnuň dowamynda 4 goluň şaýady bolýar. Dünýä Kubogynyň ilkinji oýny 4-1 hasabynda gutarýar. Fransiýa bilen Argentinanyň arasynda bolan oýunda Loran topugyndan şikes alýar we oýunçy çalşygyna rugsat berilmeýändigi sebäpli, agsaklap oýnamaga mejbur bolýar. Ol şikesi sebäpli üçünji we soňky oýunlara gatnaşyp bilmeýär. 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilen Dünýä Kubogynyň çempiony Argentinany 4-2 hasabynda ýeňen Urugwaýyň milli ýygyndysy bolýar.
1931-nji ýylyň maý aýynda Fransiýa bilen Angliýanyň arasynda dostluk oýny geçirilýär. Bu oýunda Loran karýerasynda ikinji we iň soňky goluny geçirýär. 2005-nji ýylyň 11-nji aprelinde aradan çykan Loran Dünýä Kubogyndaky ilkinji goluny şeýle beýan edýär: «Men Dünýä Kubogynyň we ýurdum Fransiýanyň adyndan ilkinji goly geçirenimde, biz biri-birimizi häzirki futbolçylar ýaly däl-de, adaty oýunçy hökmünde topar bolup gujaklaşyp gutladyk. Sebäbi gol geçirmek her bir oýunçynyň borjudyr».
Suratda: Fransiýanyň milli ýygyndysy. Urugwaý, 1930.
PDF









