Günorta Amerikada ösdürilip ýetişdirilýän täsin miweleriň biri çerimoýýa hasaplanýar. Daşynda teňňe ýaly gatlaklary bolan ýaşyl miwe süýtli doňdurma meňzeş tagamy bilen tapawutlanýar. Çerimoýýa terligine däl-de, sowadyjyda 3-4 gün saklanandan soň, edil doňdurma ýaly çemçeläp iýilýär. Şol sebäpli bu miwä «doňdurma miwesi» hem diýilýär. Bananyň, ananasyň we marakuýýanyň bilelikdäki tagamyna meňzeýän çerimoýýa iň süýji miweleriň biri hasaplanýar.
Ylmy ady «Annona cherimola» bolan bu miwe boýy 5-9 metre çenli ýetýän, hemişe ýaşyl öwsüp oturan agaçda bitýär. Gaýmakly alma maşgalasy hökmünde tanalýan «Annonaceae» maşgalasyna degişli çerimoýýa agajy And daglarynyň 1 müň 800 – 2 müň metr belentliklerinde ösýär. Tropik we subtropik şertlerde ösýän bu agaç bezeg hökmünde hem ekilýär. Çerimoýýa agajy 30 ýyla çenli ýaşaýar.
«Sowuk tohumlar» diýen manyny aňladýan çerimoýýa miwesini belli amerikan ýazyjysy Mark Twen «Adamzada mälim bolan iň tagamly miwe» diýip atlandyrýar. Doňdurma miwesiniň uzynlygy 10-20 santimetre, diametri 5-10 santimetre ýetýär. Agramy 250 gramdan 1 kilogram aralygynda bolýan äpet miwäniň çigidi zäherli hasaplanýar. Şol sebäpli şeker almasy 1-2 santimetre ýetýän garamtyl-goňur çigitleri doly aýrylandan soň iýilýär. Miwäniň aşa bişenini (eräp başlan miwe) iýmek maslahat berilmeýär. Adam saglygy üçin örän peýdaly bolan bu miwe güýz aýlarynda ýetişýär. Howanyň salkyn wagty iýilýän ýürege meňzeş bu miwe her ýurtda dürlüçe atlandyrylýar. Mysal üçin, Peru, Ispaniýa, Çili ýaly ýurtlarda bu miwä çerimoýýa diýilýän bolsa, Braziliýada grawiola, Meksikada puh, Salwadorda annona, Gündogar ýurtlarda gaýmakly alma, şeker almasy ýaly atlar bilen tanalýar. Çerimoýýa doňdurylyp iýilmek bilen bir hatarda, desertlere goşulýar, gaýmakly miweden doňdurma, süýji içgiler we kokteýller taýýarlanylýar.
PDF









