Adamyň beýnisi özünde her biri 128 GB deň bolan 20 müň sany smartfonyň ýadyna deň maglumaty saklamaga ukyplydyr. Şeýle maglumatlary Bütindünýä beýni gününde Russiýanyň Perm milli ylmy-barlag tehnologik uniwersitetiniň «Himiýa we biotehnologiýa» kafedrasynyň uly ylmy işgäri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Waleriý Litwinow TASS habarlar gullugy bilen paýlaşdy.

Alymyň bahalandyrmagyna görä, beýniniň sygymy 2,5 petabaýt töweregi bolup, bu takmynan 2,5 million gigabaýta deňdir. Alym düşnükli bolar ýaly, muny her biriniň 128 GB sygymy bolan 20 müň sany smartfonyň ýady bilen deňeşdirdi.

Beýnidäki neýronlaryň sany, dürli maglumatlara görä, 19-dan 100 milliard aralygyndadyr. Bu öýjükler nerw ulgamynyň esasy düzüm bölekleri bolmak bilen, elektrik we himiki signallaryň hasabyna impulslary generirlemäge hem-de ibermäge ukyplydyr. Hut şolar hem beýniniň, myşsalaryň, içki agzalaryň işini, şeýle hem pikirlenişi we huşy üpjün edýän çylşyrymly neýron torlaryny emele getirýärler.

Lukmanyň bellemegine görä, syr diňe bir neýronlaryň sanynda däl-de, olaryň aragatnaşygyň ummasyz sanyny üpjün etmek ukybynda jemlenýär. Şunda her bir neýron müňden gowrak aragatnaşygy döretmegi, şahalaýyn tory emele getirmegi başarýar. Şeýle ulgamda habarlar köp ýollar arkaly paýlanýar hem-de hut şeýle çylşyrymly arabaglanyşyk ýadyň ägirt uly sygymyny kesgitleýär diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi.