Ýer ýüzündäki suwuň 3 göterim töweregini süýji suw emele getirýär. Süýji suwuň esasy bölegi buzluklarda saklanýar. Galan bölegi bolsa, derýalarda, köllerde we ýerasty suw gatlaklarynda jemlenýär. Dünýä ýurtlarynyň käbiri guraklyk zerarly içimlik suwuň ýetmezçiliginden ejir çekýän bolsa, käbir ýurt bol süýji suw gorunyň eýesidir. Geliň, dünýäniň iň uly süýji suw gorlary bilen tanyş bolalyň!
Amazonka derýasy, Braziliýa (8 müň 650 kub kilometr). Esasy 3 ýurtdan akyp geçýän Amazonka derýasy 9 ýurdy içimlik suwy bilen üpjün edýär. Dünýäniň iň uly tropik tokaýy bolan Amazoniýanyň içinden akyp geçýän egrem-bugram derýanyň esasy suw gory Braziliýanyň çäginde saklanýar. Braziliýa dünýäde süýji suw gory boýunça birinji orny eýeleýär. Amazon basseýniniň köp bölegini öz içine alýan bu ýurtda ýagşyň köp ýagmagy suw üpjünçiligini kadaly derejede saklamaga ýardam edýär.
Baýkal köli, Russiýa (4 müň 530 kub kilometr). Sibirdäki Baýkal köli dünýäniň doňmadyk süýji suwunyň, takmynan, bäşden bir bölegini emele getirýär. Dünýäniň iň çuň köli bolan Baýkalda Ýer şarynyň doňmadyk süýji suw gorunyň 20 göterimi saklanýar. Russiýada süýji suw kölünden başga-da, Lena, Ob, Ýeniseý we Amur ýaly ägirt uly derýa ulgamlary bar. Ýurduň süýji suw gorlarynyň ilat we senagat merkezlerinden uzakda ýerleşmegi içimlik suwuň hapalanmagynyň öňüni almaga ýardam edýär.
Missisipi derýasy, ABŞ (3 müň 70 kub kilometr). Wiskonsin ştatynyň La-Kross şäheriniň golaýyndaky Missisipi derýasy Demirgazyk Amerikanyň esasy suw çeşmesi hasaplanýar. Birnäçe süýji suw köllerini, Missisipi derýasyny, Alýaskanyň derýalaryny we buzluklaryny, dag gerişleriniň garlaryny, suw howdanlaryny öz içine alýan bu yklymda ýerüsti süýji suwuň, takmynan, 21 göterimi saklanýar.
Köller we buzluklar, Kanada (2 müň 900 kub kilometr). Sansyz kölleri bilen meşhur bolan Kanadada dünýädäki süýji suw gorlarynyň, takmynan, 20 göterimi saklanýar. Ýurduň esasy suw çeşmesi Atlantik, Ýuwaş ummany, Arktika we Gudzon aýlagy tarapda, ýagny demirgazykda ýerleşýär. Ilatyň köp ýaşaýan bölegi bolan günorta geçelgede bolsa, içerki köller esasy orny eýeleýär. Şol sebäpli kanadalylar köplenç guraklyk möwsümi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Ýanszy derýasy, Hytaý (2 müň 840 kub kilometr). Hytaýyň umumy suw möçberi uly ýaly görünse-de, ilatyň köplügi we ösen senagat hem-de oba hojalyk pudagy içimlik suwuna ep-esli täsirini ýetirýär. Ýurduň esasy suw çeşmesi Ýanszy derýasy bolup, ekerançylyk ýerlerini suw bilen üpjün edýär. Hytaýda suw howdanlaryna, ýerasty suw çeşmelerine we ätiýaçlyk suwuna ýokary derejede gözegçilik edilýär. Ýörite taslamalar işlenip düzülip, umumymilli suw möçberiniň howpsuzlygy üpjün edilýär.
Orinoko derýasy, Kolumbiýa (2 müň 360 kub kilometr). Dünýäniň iň uly üçünji derýasy bolan Orinoko Kolumbiýanyň esasy suw çeşmesi hasaplanýar. Karib deňzinden, Ýuwaş ummanyndan we Amazonka sebitlerinden gelýän çygly howa And daglarynda jemlenip, ýurtda güýçli ýagşyň ýagmagyna we täze suw akabalarynyň döremegine mümkinçilik berýär.
Progo derýasy, Indoneziýa (2 müň 20 kub kilometr). Indoneziýanyň müňlerçe adasynda süýji suw gory tropik ýagyşlaryň netijesinde emele gelýär. Progo derýasy ada ýurdunyň esasy süýji suw çeşmesi bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, arhipelagdaky köller, musson ýagyşlary möwsüminde emele gelýän akabalar, ýerasty suwlar ýurduň süýji suw goruny emele getirýär.
Bulardan başga-da, dünýäde süýji suw gory boýunça öňdeligi eýeleýän sebitleriň hatarynda Hindistan (1 müň 910 kub kilometr), Peru (1 müň 880 kub kilometr), Kongo Demokratik Respublikasy (1 müň 290 kub kilometr) ýaly ýurtlary görkezmek bolar. Soňky ýyllarda ýurtlaryň aglaba bölegi gaýtadan dikeldilýän içimlik suwa has köp üns berýärler. Dünýäde süýji suw gorunyň esasy bölegi, ýagny 68-70 göterimi buzluklaryň ýurdy bolan Antarktidada saklanýar.
Bellik: 1 kub kilometr – 1 milliard kub metre deň.
PDF









