…1881-nji ýy­lyň 26-njy few­ra­lyn­da Wik­tor Gýu­go­nyň dog­lan gü­nü­niň ýet­miş do­ku­zyn­jy ýy­ly­ny Pa­riž bi­len bir­lik­de, tu­tuş Fran­si­ýa baý­ram et­di. Paý­tag­tyň Eý­lau awen­ýu­syn­da da­ba­ra ar­ka­sy­ny di­k­di­ler. Onuň as­ty bi­len Wik­tor Gýu­go­nyň öýü­niň gap­dal­jy­gyn­dan pa­riž­li­le­riň we myh­man­la­ryň alt­myş mü­ňü­si da­ba­ra­ly ge­çip git­di. Be­ýik ýazyjy öz ag­tyk­la­ry bi­len pen­ji­rä­niň öňün­de dur­şu­na muş­dak­la­ry­na baş egip min­net­dar­lyk bil­dir­ýär­di. Ara­dan ýa­rym ýyl ge­çen­soň, bu awen­ýu­nyň Eý­lau ady­ny Wik­tor Gýu­go­nyň awen­ýu­sy di­ýip üýt­get­di­ler. Öz kö­çe­sin­de go­ja ýa­zy­jy ýe­ne dört ýyl ýa­şa­dy.
1885-nji ýy­lyň 1-nji iýunynda san-sa­jak­syz mä­re­ke onuň ta­by­dy­ny Ýyl­dyz meý­da­nyn­dan Pan­teo­na de­ňiç gö­te­rip äkit­di. Ak bä­gül­ler­den ýa­sa­lan gül­hal­ka­lar bi­len be­ze­len, baş­ga hiç hi­li ka­şaň­lyk bol­ma­dyk ga­ra ta­bytly ara­ba­nyň ýa­nyn­da on iki sa­ny ýaş şa­hyr dur­dy. Öz wes­ýet­na­ma­syn­da Wik­tor Gýu­go şeý­le ýa­zyp­dy: «El­li müň fran­ky ga­ryp­la­ra mi­ras goý­ýa­ryn. Ta­by­dy­my go­nam­çy­ly­ga ga­ryp­lar üçin niýetlenen ara­ba­da äkit­mek­le­ri­ni is­le­ýä­rin. Ybadathanalarda ruhum üçin doga okamaly diýen däplerden ýüz öwürýärin. Ýöne ähli adamlaryň maňa ýürekden doga-dileg etmegini haýyş edýärin. Taňra ynanýaryn. Wiktor Gýugo».
Ol fran­suz re­wol­ýu­si­on ýyl­na­ma­sy bo­ýun­ça Res­pub­li­ka­nyň X ýy­ly­nyň wan­toz aýynyň 7-sine Be­zan­son şäherinde dünýä inýär. Ene-ata­sy: Na­po­leo­nyň ser­ker­de­si Žo­zef Leo­pold Si­gis­ber Gýu­go we eje­si ha­nym Gýu­go (gyz ady So­fi Fran­su­az Treb­ýu­şe de la Re­nod­ýe). Ti­za­ra är-aýal aý­ry­lyşýar. Wik­tor iki uly aga­sy bi­len kä ka­ka­sy­nyň, kä­te eje­si­niň ýa­nyn­da ýa­şa­ýar­dy. Olar bir şä­her­den beý­le­kä, Fran­si­ýa­dan Ita­li­ýa we Is­pa­ni­ýa gö­çüp-gon­ýar­dy­lar. Bäş ýa­şyn­da ka­ka­sy­nyň har­by pol­ku­na ýa­zy­lan Wik­tor özü­ni ha­ky­ky es­ger ha­sap ed­ýär­di. Ha­ky­kat­da­nam, ça­ga­lyk­da-da, Mad­ri­de bar­ýan ýol­da, Na­po­leo­nyň Is­pa­ni­ýa ço­zup gir­me­gi­ne berk gar­şy­lyk gör­ke­zen is­pan­lar bi­len sö­weş­ler­de ol ur­şuň we ölü­miň nä­me­di­gi­ni gö­zi bi­len gör­di. Ýet­gin­jek­kä Wik­tor Gýu­go goş­gu­la­ry hem la­tyn şa­hyr­la­ryn­dan eden ter­ji­me­le­ri bi­len on sa­ny dep­de­ri dol­du­ryp­dy, em­ma ola­ry ýak­dy, soň ýe­ne dep­der tu­tun­dy-da oňa: «Men on bäş ýa­şym­da, er­bet ýaz­ýa­ryn, has oňat ýa­zyp bi­ler­dim» di­ýip bel­lik et­di. Şol wagt­lar ol Pa­riž­de, Ke­ra­mat­ly Mar­ga­ri­ta kö­çe­sin­dä­ki pan­si­on­da oka­ýar­dy hem ede­bi şöh­rat ba­ra­da ar­zuw edýär­di. Şa­hyr Şa­tob­ria­nyň eser­le­rin­den yl­ham­la­nyp dö­re­den poe­ma­la­ry­nyň bi­ri­ni-de «Öz bä­be­gi­ni üw­rär ýa­ly pal­ma aga­jy­nyň şa­ha­syn­dan sal­lan­çak as­ýan ka­na­da­ly hin­di ze­na­ny» di­ýip at­lan­dy­ryp­dy. Fran­suz aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len bäs­le­şik­de ýaş Gýu­go üç ýüz otuz dört se­tir­den yba­rat bu poe­ma­sy üçin hor­mat ha­ty­na my­na­syp bol­dy. Gül oýun­la­ry­nyň Tu­luz aka­de­mi­ýa­sy «Gen­rih IV heý­ke­li­niň di­kel­dil­me­gi» at­ly oda­sy üçin ony Al­tyn li­li­ýa bi­len sy­lag­la­dy. Ti­za­ra do­gan­lar Gýu­go­lar «Ede­bi­ýat kon­ser­wa­to­ry» at­ly ede­bi žur­na­ly ne­şir et­mä­ge sy­na­nyş­dy­lar. Bir ýa­rym ýy­lyň do­wa­myn­da Wik­tor bu žur­nal­da on bir ta­hal­lus bi­len 112 sa­ny ma­ka­la we 22 sa­ny goş­gy çap et­dir­di. Do­gan­la­ryň ulu­sy Abel öz ha­sa­by­na Wik­to­ryň il­kin­ji ki­ta­by­ny ne­şir et­dir­di, ol «Oda­lar we baş­ga goş­gu­lar» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar­dy. Ýig­ri­mi ýaş­ly şa­hyr poe­zi­ýa üçin «aý­dyň aky­lyň, päk ýü­re­giň, re­him­dar we be­lent kal­byň ge­rek­di­gi­ne» pugta ynan­ýar­dy.
Öm­rü­niň otu­zyn­jy ýy­lyn­da Gýu­go eý­ýäm «Gün­do­gar äheň­le­ri» we «Güýz ýap­rak­la­ry» at­ly goş­gu­lar ýy­gyn­dy­la­ry­nyň, «Is­lan­di­ýa­ly Gan» ro­ma­ny­nyň (W.Skot­tuň usu­lyn­da we iň­lis go­ti­ki ro­ma­ny­nyň tä­si­rin­de), «Ölü­me hö­küm edi­le­niň iň ahyr­ky gü­ni» po­wes­ti­niň, «Krom­wel», «Ma­ri­on De­lorm» we «Er­na­ni» at­ly dra­ma­la­ryň aw­to­ry­dy. «Krom­wel» at­ly dra­ma­sy­na ýa­zan söz­ba­şy­sy ede­bi­ýat­çy­lar ta­ra­pyn­dan «ro­man­tiz­miň ma­ni­fes­ti» hök­mün­de bi­ra­gyz­dan yk­rar edi­len Wik­tor Gýu­go on­da ro­man­tiz­miň öze­ni­ni «hiç ha­çan ra­hat­lyk bil­me­ýän, kä şat­lan­ýan, kä na­la­ýan kal­byň geň how­sa­la­sy» hök­mün­de hä­si­ýet­len­di­rip­di.
1831-nji ýy­lyň baş­la­ryn­da ol «Pa­riž Bi­bi­mer­ýe­mi­niň So­bo­ry» at­ly ro­ma­ny­ny ta­mam­la­dy. Gýu­go bu ki­ta­by­ny il­kin­ji no­bat­da «hy­ýa­ly göz öňü­ne ge­tir­mä­niň, hok­ga­baz­ly­gyň we fan­ta­zi­ýa­nyň önü­mi» di­ýip hä­si­ýet­len­dir­di. Ýö­ne ol XV asy­ryň Pa­ri­ži ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­la­ry üç ýyl­lap top­lap­dy. Ro­ma­nyň gol­ýaz­ma­sy­ny ne­şir­ýa­ta iň ahyr­ky möh­let­de gow­şur­dy. Ol wagt Gýu­go­nyň eý­ýäm öýi, maş­ga­la­sy bar­dy we ede­bi zäh­me­ti­niň ar­ka­syn­dan her ýyl iň azyn­dan on bäş müň frank ga­zan­ma­gyň ar­zu­wy­ny ed­ýär­di. Tiz wagt­dan ol mun­dan has köp ga­za­nyp baş­la­dy, ýö­ne her ag­şam ýa­da­man-ýal­tan­man, öz çyk­da­jy­la­ry­ny san­ti­me (frankyň ýüzden bir bölegi) çen­li ha­sap­la­ýar­dy.
1830-njy ýy­lyň iýu­lyn­da­ky we 1848-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da­ky re­wol­ýu­si­ýa­la­ryň ara­ly­gyn­da Gýu­go bir­nä­çe tä­ze poe­ti­ki eser­ler top­lu­my­ny: goş­gy bi­len ýa­zy­lan «Ko­ro­lyň güý­men­je­si» dra­ma­sy­ny, pro­za­da­ky üç dra­ma­sy­ny, Ger­ma­ni­ýa ba­ra­da­ky oçerk­ler ki­ta­by­ny («Reýn») ta­mam­lap­dy we soň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren «Ýe­ki­ri­len­ler» diý­lip ady üýt­ge­di­len «Ga­ryp­lyk» ro­ma­ny­ny ýaz­ma­ga girişdi.
1841-nji ýy­lyň ýan­war aýy­nyň 7-si­ne Wik­tor Gýu­go «Öl­mez-ýit­mez­le­riň» Aka­de­mi­ýa­sy­na ka­bul edil­di. Ara­dan ýe­di ýyl ge­çen­soň, ol Pa­ri­žiň VIII ok­ru­gy­nyň hä­kim­li­gi­ne saý­lan­dy. Şondan soň Gýugo ýurtda ýüze çykan syýasy ýagdaýlar sebäpli Parižden Brýussele gitmäge mejbur bolýar. Ine, şondan soň beýik ýazyjynyň uzak ýyllara çeken agyr sürgünlik durmuşy başlanýar.
«Eger ja­han­da sür­gü­niň aja­ýyp ýer­le­ri bar bol­sa, Jer­si­ni hem ola­ryň ha­ta­ry­na goş­mak ge­rek… Men bu ýer­de deň­ziň ke­na­ryn­da­ky ak kül­be­de mes­gen tu­tun­dym. Öz pen­ji­räm­den Fran­si­ýa­ny gör­ýä­rin» di­ýip, Gýu­go Nor­mand ada­la­ry­nyň Jer­si di­ýil­ýän ýe­rin­dä­ki Ma­rin-Ter­ras wil­la­syn­da­ka ýa­zyp­dy. Bu ýaz­gy­syn­da­ky «ak kül­be» di­ýip at­lan­dyr­ýan wil­la­syn­da ol üç ýyl­lap ýa­şa­dy. Beý­le­ki fran­suz emig­rant­la­ry bi­len bir­lik­de Jer­si­den çy­ka­ry­lan Wik­tor Gýu­go goň­şy Gerns ada­syn­da ýer­le­şip, «Syn et­me» at­ly goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň ga­lam­ha­ky­na Ot­wil-Ha­us at­ly öýi sa­tyn al­dy.
Gýu­go berk gün ter­ti­bi­ni ber­jaý ed­ýär­di: säher bilen tur­ýar­dy, so­wuk suwa ýuwun­ýar­dy, ga­ra ko­fe iç­ýär­di we Gü­nüň ir­ki şöh­le­le­rin­de gol­ýaz­ma­la­ry­nyň üs­tün­de iş­le­ýär­di, gün or­ta bo­lu­be­ren­de er­tir­lik edi­ner­di, soň ada­da ge­zim eder­di, ýe­ne iň­rik ga­ral­ýan­ça iş­lär­di, maş­ga­la­sy hem myh­man­la­ry bi­len na­har­la­nar­dy, sa­gat 10 bo­lan­da uk­la­mak üçin hök­man dü­şe­ge ge­çer­di. Her du­şen­be­de gü­nor­tan na­ha­ry­na ýer­li ga­ryp ça­ga­la­ryň 40-sy­ny ça­gy­rar­dy.
Ot­wil-Ha­uz­da­ky öýün­de ol «Ýe­ki­ri­len­ler» ro­ma­ny­ny ýa­zyp ta­mam­la­dy, «Asyr­la­ryň ro­wa­ýa­ty» at­ly göw­rüm­li epo­pe­ýa­sy üçin bir­gi­den goş­gu­la­ry we poe­ma­la­ry ýaz­dy. Şeý­le hem «Deň­ziň zäh­met­keş­le­ri» at­ly (Gern­si­niň ba­lyk­çy­la­ry ha­kyn­da) we «Gül­ýän adam» at­ly ro­man­la­ry­ny dö­ret­di.
1870-nji ýy­lyň 5-nji sent­ýab­ryn­da Fran­si­ýa Res­pub­li­ka hök­mün­de jar edi­len des­si­ne Gýu­go Pa­ri­že do­la­nyp bar­dy. De­mir­ga­zyk wok­zal­da ony mä­hel­le «Mar­sel­ýe­za­ny» aýt­mak hem-de «Ýa­şa­syn Fran­si­ýa! Ýa­şa­syn Gýu­go!» di­ýen buýsançly hem şatlykly sesler bilen gar­şy­la­dy. Gýu­go Mil­li mej­li­siň de­pu­tat­ly­gy­na saý­lan­dy.
«Tog­san üçün­ji ýyl» at­ly soň­ky ro­ma­ny­ny Gerns­dä­ki öýü­nde ta­mam­lan Gýu­go onuň ga­lam­ha­ky­na Pa­riž­den özi, ag­tyk­la­ry, ge­lin­le­ri üçin uly öý sa­tyn al­dy. Şol wagta çenli onuň aýa­ly-da, ogul­la­ry-da, uly gy­zy-da ara­dan çy­kyp­dy. Kör­pe gy­zy bol­sa akyl taý­dan nä­sag­lar üçin hassahana ýer­leş­di­ri­lip­di. Gýu­go ag­tyk­la­ry Žor­žy hem Žan­na­ny diý­seň eý gö­rer­di hem-de ola­ra «Ata bol­mak sun­ga­ty» di­ýen goş­gu­lar top­lu­my­ny ba­gyş­la­dy.
Ýa­kyn­la­ry­nyň gü­wä geç­me­gi­ne gö­rä, Wik­tor Gýu­go ölüm ýas­sy­gyn­da ýa­tyr­ka şeý­le di­ýip­dir: «Gü­nüň ýag­ty­ly­gy bi­len gi­jä­niň tüm­lü­gi­niň ara­syn­da sö­weş gid­ýär». Onuň iň ahyr­ky söz­le­ri: «Şunlukda, men ga­ra ýag­ty­ly­gy gör­ýä­rin» bo­lup­dyr.

Taý­ýar­lan Hem­ra Hu­daý­gu­ly­ýew.