Gury ýerde ýaşaýan iň uly süýdemdirijileriň biri hasaplanýan piller äpet göwresi, uzyn holtumy we ýelpewaja meňzeş gulagy bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. «Tokaýyň bagbany» diýlip atlandyrylýan bu jandarlar Aziýa we Afrika yklymynda duş gelýär. Her ýylyň 12-nji awgustynda bu jandarlary gorap saklamak maksady bilen, Bütindünýä pil güni bellenilip geçilýär. Duýguçyl we akylly jandar hasaplanýan piller dem almak, yslary saýgarmak, suw içmek, iýmitlenmek we dürli zatlary tutmak üçin turba meňzeş uzyn burnuny (holtum) ulanýarlar. Maglumatlara görä, piliň holtumynda 40 müňden gowrak dürli myşsa bar. Uzyn holtumly jandarlar 70 ýyla çenli ýaşaýarlar. Pilleriň 2,5 santimetr galyňlykdaky derisi olaryň yssydan we sowukdan goranmagyny üpjün edýär. Äpet jandarlaryň ýatkeşligi örän ýiti bolup, adamlaryň ýüzüni gowy ýatda saklaýarlar. Piller böküp bilmeýän ýeke-täk jandarlardyr. Ýöne muňa garamazdan, sagatda 25-40 kilometr tizlik bilen ylgap bilýärler. Bu jandarlar gije-gündiziň dowamynda 4 sagat uklaýarlar. Piller ökde ýüzüjiler bolup, 70 kilometr aralygy ýadaman ýüzüp geçip bilýärler. Beýnisiniň agramy 4-6 kilograma ýetýän piller haýwanat dünýäsinde iň akylly jandarlaryň biri hasaplanýar.
Näme bilen iýmitlenýär?
Piller dürli miweler, agaçlaryň ýapraklary, kökleri we gabyklary bilen iýmitlenýärler. Olar ýaşaýan ýerine baglylykda bir günüň dowamynda 136 kilogramdan 450 kilograma çenli iýmit iýip bilýärler. Piller iýmit tapmak üçin köp aralyga ýöreýärler we her gün 100-300 litre çenli suw içýärler. Esasan hem, ene piller kiçijik piljagazlara iýmit tapyp bermek üçin ep-esli ýol geçýär. Ýaňy doglan piljagazyň agramy 100-120 kilogram töweregi, boýy 1 metre golaý bolýar. Piliň çagasy doglandan bary-ýogy 20 minutdan soň aýak üstüne galýar. 45-60 minutdan soň ýöräp başlaýar. Kiçijik pil iki günden soň sürä goşulyp, «syýahat» edip başlaýar.
Näçe görnüşi bar?
Dünýäde pilleriň iki görnüşi – Aziýa we Afrika pili duş gelýär. Afrikada ýaşaýan piller Aziýa pillerinden uly bolup, agramy 6 tonna, boýy 3,5 metre ýetýär. Afrika piliniň erkeginde-de, urkaçysynda-da dişe meňzeş gyýak süňki bolýar. Aziýa piliniň bolsa diňe erkeginde gyýak süňk ösüp çykýar. Afrikada ýaşaýan piller suwsuzlyga we gurakçylyga has çydamly bolýarlar. Şeýle hem Afrikada ýaşaýan pilleriň holtumynda iki sany, Aziýada ýaşaýan pilleriň holtumynda bir sany ösüntgi bolýar. Piller süri bolup ýaşaýarlar. Beýleki jandarlardan tapawutlylykda, sürini urkaçy pil dolandyrýar. Piller Afrikanyň 37, Aziýanyň 13 ýurdunda duş gelip, käbir ýurtda iş maly hökmünde peýdalanylýar. Häzirki wagtda pilleriň umumy sanynyň 500 müň töweregidigi çaklanylýar. Aziýa pilleri sany azalyp barýan jandarlaryň hatarynda görkezilýär.
PDF








