Ýewropada milli çempionatlaryň nobatdaky tapgyrynda futbol janköýerlerine biri-birinde gyzykly duşuşyklar garaşýar. Esasanam şenbe we ýekşenbe günleri yklymyň iň öňdebaryjy klublarynyň özara duşuşyklary janköýerleriň esasy üns merkezinde bolar.
Şu gije Türkiýäniň çempionatynda “Galatasaraý” myhmançylykda “Konýaspor” bilen duşuşar. Fransiýanyň çempionatynda sanawyň lideri PSŽ aşaky orunda barýan “Le Hawr” toparynyň garşydaşy bolar. Şol sanda Lill bilen “Lans” hem duşuşar. Ispaniýada Wilýarreal” öz meýdançasynda “Espanýoly” kabul eder.
Şenbe gününde Angliýanyň “Premier Ligasynyň” täze tapgyry möwsüme o diýen şowly başlap bilmedik 2 toparyň – “Çelsi” bilen “Mançester Ýunaýtediň” arasyndaky duşuşyk bilen başlanar. 17:30-da başlanjak bu oýun ozalkylar ýaly bolmasa-da, tapgyryň esasy duşuşyklarynyň hatarynda görkezilýär. “Mançester Siti” Liga Kubogy ýaryşynda penaltilerde ýeňen garşydaşyny, ýagny “Braýtony” bu gezek çempionatyň çäginde kabul eder. Soňky 2 oýunda özüni dürsän “Tottenham” London derbisinde “Kristal Palas” bilen duşuşar.
Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da hemmäniň garaşýan derbisi, Milan derbisi oýnalar. Çarşenbe güni çempionatdaky ilkinji ýeňlişini alan “Milan” “San Siroda” “Inter” bilen duşuşar. Duşuşyk 00:45-de başlanar.
Germaniýanyň çempionatynda bolsa “Bundesliganyň” “El Klasikosy”, “Der Klassiker” duşuşygynda “Bawariýa” bilen “Borussiýa Dortmund” özara güýç synanyşar. Iki ýeňlişsiz barýan topardan biriniň bu derejesini ýitirmegi mümkin. Şeýle-de, Ispaniýada “El Klasikoda” utulan “Barselona” öz meýdançasynda “Alawes” bilen duşuşar.
Ýekşenbe gününiň iň esasy oýny “Anfield”-de “Liwerpul” bilen “Arsenalyň” arasynda geçiriler. Duşuşyk 21:30-da başlanar. Şeýle-de “Serie A”-da “Ýuwentus” – “Napoli” duşuşygy-da günüň esasy oýunlarynyň biri bolar.
“La Ligada” “Real Madrid” myhmançylykda “Rasing” bilen duşuşsa, Fransiýada “Pariž” bilen “Monako” özara duşuşyk geçirer.
30-njy oktýabr (anna)
22:00 I Konýaspor – Galatasaraý
23:00 I Le Hawr – PSŽ
01:00 I Wilýarreal – Espanýol
01:05 I Lill – Lans
31-nji oktýabr (şenbe)
17:30 I Çelsi – Mançester Ýunaýted
18:00 I Lewante – Atletiko
19:30 I Baýer – Ştutgart
19:30 I Şalke – Leipsig
20:00 I Mançester Siti – Braýton
22:30 I Udineze – Roma
22:30 I Tottenham – K. Palas
22:30 I Bawariýa – Borussiýa D
00:45 I Milan – Inter
01:00 I Aston Willa – Fulham
01:00 I Barselona – Alawes
01:00 I Aýaks – AZ
1-nji noýabr (ýekşenbe)
16:30 I Komo – Wenesiýa
19:00 I Lasio – Kaliari
20:15 I Rasing – Real Madrid
21:15 I Pariž – Monako
21:30 I Liwerpul – Arsenal
21:45 I Lokomotiw – Spartak
00:45 I Ýuwentus – Napoli
01:00 I Atletik – Real Sosiedad
2-nji noýabr (duşenbe)
20:00 I K. Sowetow – Zenit
00:45 I Atalanta – Parma
01:00 I Nýukasl – Ewerton
PDF








