Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de sanawyň lideri PSŽ myhmançylykda iň aşaky orunda barýan “Le Hawr” toparyny uly hasap bilen ýeňdi. Hwiça, Dembele ýaly ýyldyzlary şikesli bolandygyna garamazdan, parižliler erjel oýun görkezdi. Duşuşykda 3 gol geçiren Aşraf Hakimi beýleki 2 goluň hem asistini etdi. Aşraf Hakimi oýnuň 28-nji, 55-nji hem-de 69-njy minutlarynda tapawutlanyp, karýerasyndaky ilkinji het-trigini etmegi başardy. Ol Godtsyň 26-njy, Maýulunyň 62-nji minutlarda geçiren gollarynyň hem pasyny berdi. Oýunda ilkinji bolup hasaby açan “Le Hawr” toparynyň goluny 18-nji minutda Joş Maýýa öz adyna ýazdyrdy.
Bu ýeňiş PSŽ-niň tälimçisi Luis Enrikeniň 127-nji ýeňşi bolup, ol toparyň tälimçileriniň arasynda rekord goýdy. Ozalky rekord 126 ýeňiş bilen Loran Blana degişlidi.

Şeýle-de, Fransiýanyň çempionatynda Karlo Ançelottiniň ogly Dawide Ançelottiniň tälimçiligindäki “Lill” topary öz meýdançasynda “Lans” toparyny 1-0 hasabynda ýeňdi. Oýundaky ýeke-täk goly 86-njy minutda weteran hüjümçi Oliwie Žiru geçirdi.
“Nissa” bolsa öz meýdançasynda “Renn” toparyndan 5-2 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň hüjümçisi Elýe Wai 2-si penaltiden 3 gol geçirip, het-trik etdi (12 p, 34 p, 73). “Nissa” toparynyň beýleki 2 goluny bolsa Kloss (45+2) bilen Amura (52) geçirdi. “Renn” toparynyň adyndan Şimanski (15) bilen Dia (58 p) tapawutlandy.
PDF








