800 kilogram agramy bolan äpet «Luceros y Penumbras» («Ýyldyzlaryň nury we kölegeler») atly kitap Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň uly göwrümli neşiri hökmünde ykrar edilip, Los-Anjelesiň Merkezi jemgyýetçilik kitaphanasynda tanyşdyryldy. Kitaphananyň tegelek zalynda ýerleşdirilen we bir ýylyň dowamynda mugt görlüp bilinjek bu üýtgeşik eseriň sahypalaryny agdarmak üçin ýörite uzyn taýaklardan peýdalanýan on adamdan ybarat toparyň hyzmatyna zerurlyk duýulýar.

Şäheriň Merkezi kitaphanasynyň 100 ýyllygy mynasybetli suratkeş we çaphana grafikasy boýunça hünärmen Daniel Gonzales tarapyndan döredilen bu äpet eser adaty kagyzdan, ýelimden hem-de matadan ýasalyp, onuň taýýarlanyş işlerine jemi 35 adam gatnaşdy. Ölçegi 4,7×6,1 metre deň bolan daşky sahaby açylanda, giňligi takmynan, dokuz metre ýetýän hem-de gök asmany, binalary, ösümlik nagyşlaryny, adamlary we haýwanlary öz içine alýan reňkli şekilli kompozisiýa öwrülýär. Şeýle hem kagyzdan ýasalan göwrümli şekilleriň beýikligi 3,35 metre ýetýär.

Eseri döredende öz durmuşyndan, Los-Anjeles şäherinden we onuň jemgyýetçilik kitaphanalary ulgamyndan ylham alan döredijilik topary bu äpet kitaby kitaphana getirmek üçin ony aýry-aýry böleklere bölüp daşamaly boldy, sebäbi ony bütinligine gapylardan geçirmek mümkin däldi.