Ýer ýüzündäki käbir sebitiň tebigy şertleri göz öňünde tutulyp hem-de syýahatçylyk pudagyndaky ösen talaplary kanagatlandyrmak maksady bilen «ýüzýän» bazarlar döredildi. Esasan hem, Aziýa ýurtlarynda ýaýbaňlandyrylan bu bazarlar ulag we awtoulag ýoly bolmazdan gämi gatnawly derýalarda amala aşyrylýar. Her satyjynyň özüniň gaýygy bolup, ony dürli azyk önümleri ýa-da senetçilik gurallary bilen doldurýar. Şeýlelikde, gaýykly satyjylar suwuň akymynyň pes ýerinde toplanýarlar. Derýanyň suwunyň akymyna we joşgunyna görä ýerleşýän ýeri gündelik üýtgäp durýandygy sebäpli bu bazarlara «ýüzýän» bazar diýilýär. Häzirki wagtda Tailandda, Indoneziýada, Wýetnamda, Hindistanda we Şri-Lankada «ýüzýän» bazarlaryň birnäçesi bar. Şolaryň iň meşhury Tailandyň «Amphawa» bazary hasaplanýar.
Tailandyň Amfawa etrabyndan akyp geçýän Maeklong derýasynyň kenaryny tutuşlygyna söwda nokatlary bilen gurşalan «ýüzýän» bazar eýeleýär. Bangkokdan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän «Amphawa» dünýäniň iň öňdebaryjy «ýüzýän» bazarlarynyň biridir. Beýlekilerden tapawutlylykda, bu ýerde gaýyk taksisi hem hödürlenýär. Bazara gelen alyjylar we syýahatçylar derýanyň kenaryndaky basgançakly eýwanlardan aşaklygyna düşüp gaýyk taksileri saklap bilýärler. Bazara gelen adamlar azykdyr gök önümleri, hojalyk enjamlarydyr ýadygärlik sowgatlyklary satyn almak bilen bir hatarda, göçme restoranlarda naharlanyp, derýanyň kenaryndaky myhmanhanalarda dynç hem alyp bilýärler. Şeýle hem gijesine kärendesine gaýyk alyp, ýalpyldawuk kebelekleri synlap bolýar.
Ýurduň syýahatçylyk pudagynda ýüzýän bazarlaryň ähmiýeti uludyr. Ýerli we daşary ýurtly syýahatçylara söwda medeniýetinden lezzet almaga mümkinçilik berýän bu bazarlarda miwedir gök önümler, azyk harytlary hem-de öý goşlary satylýar. Satyjylar gaýyklaryny kürekläp derýanyň kenaryna gelen alyjylara harytlaryny hödürleýärler. «Ýüzýän» bazarlar Tailandyň medeniýetiniň bir bölegi hasaplanýar.
PDF








