Wýetnamyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Halong aýlagy tebigatdaky iň owadan ýerleriň biri hasaplanýar. Suwuň, gaýalaryň we ýaşyl tebigatyň sazlaşýan ýeri bolan bu täsinlik ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýerleriň biridir. Dünýäniň iň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň biri hasaplanýan Halong aýlagy dik daş sütünleri bilen köpleri özüne çekýär. Aýlagda
3 müňden gowrak ada, şeýle hem kiçi gaýalar we gowaklar bar. Onuň meýdany 1553 inedördül kilometre barabar bolup, ýerüsti we suwasty baýlyklary hem baý biodürlüligi bilen häsiýetlendirilýär. Geçirilen barlaglara görä, Halong aýlagynda irki döwürlerden bäri ilat ýaşapdyr. Bu ýerde deňiz kenarynda duş gelýän, hemişe gök öwsüp oturýan tokaýlyklar bar. Aýlagda endemik ösümlikleriň 14, endemik jandarlaryň 60 görnüşi duş gelýär.
Wýetnam dilinden terjime edilen «Aždarhanyň suwa inen ýeri» diýmegi aňladýan Halong aýlagyndaky köp ada dik we kiçi bolup, ýaşamak üçin howply hasaplanýar. Has uly adalarda bolsa, obalar we şäherler ýerleşýär. Aýlagyň iň köp şäherleşen adasy Tuançau hasaplanýar. Katba adasy bolsa, aýlagyň iň uly adasydyr. Adanyň meýdanynyň ýarysyna golaýy 1986-njy ýylda Milli seýilgäh diýlip yglan edildi. Katba adasynda birnäçe köl, derýa, şaglawuk we kenarýaka merjen gaýalary bar.
Halong aýlagynda Kyawan, Bahang, Kongtau we Wongweng ýaly balykçylaryň ýaşaýan obalary bar. Aýlagyň 1600-den gowrak ilaty bolup, sütünleriň üstünde gurlan öýlerde ýaşaýar. Tropik sebitde ýerleşýän Halong adasynda iki pasyl bolýar – ýagynly we gurak. Ýylyň ýagynly döwründe howa yssy, gurak döwründe sowugrak bolýar.
PDF








