Ke­lem adam be­de­ni üçin ge­rek­li bo­lan mad­da­la­ry özün­de jem­le­ýän gök-bak­ja önüm­le­ri­niň bi­ri­dir. Gat-gat ýap­rak­ly bak­ja önü­mi­niň im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­mek­den baş­lap, iý­mit siň­di­ri­şi go­wu­lan­dyr­ma­ga çen­li bir­nä­çe peý­da­sy bar. Ke­le­miň ter ýap­ra­gyn­dan dür­li gör­nüş­li çor­balar, iş­däa­çar­lar, tiz taý­ýar bol­ýan ta­gam­lar we baş­ga-da birnäçe içim­lik­ler taý­ýar­la­nyl­ýar. Dü­zü­min­de B, C, K wi­ta­mi­ni­ni, be­lok we sü­ýüm sak­la­ýan ke­le­miň adam sag­ly­gy­na tä­si­ri şu­lar­dan yba­rat:
Im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Bu bak­ja önü­min­dä­ki as­kor­bin kis­lo­ta­sy hem di­ýil­ýän C wi­ta­mi­ni kol­la­gen ýa­sa­ma­ga kö­mek ed­ýär we im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär.
Iý­mit siň­di­ri­şi­ni go­wu­lan­dyr­ýar. Fi­tos­te­rol­lar (ösüm­lik ste­rol­la­ry) we eräp bil­me­ýän sü­ýüm bi­len gap­la­nan ke­lem iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­nyň işi­ni ýe­ňil­leş­di­rip, içe­ge­dä­ki he­re­ket­le­ri yzy­gi­der­li saz­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Bi­ler­men­ler ar­tyk­maç ag­ram­dan dyn­mak is­le­ýän adam­la­ra ke­lem iý­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.
Ýü­re­gi go­ra­ýar. Alym­lar ke­lem­de 36 dür­li an­tos­ýa­ni­niň bar­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. An­tos­ýa­nin­ler çiş­me how­pu­ny azalt­mak bi­len çäk­len­män, ýü­rek bi­len bag­ly tö­wek­gel­çi­lik­le­ri aradan aýyrmaga ýar­dam ed­ýär. Ke­lem ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak üçin peý­da­ly iý­mit­le­riň bi­ri­dir.
Gan ba­sy­şy­ny pe­seld­ýär. Ka­liý gan ba­sy­şy­ny gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ga kö­mek ed­ýän mi­ne­ral we elekt­ro­lit bo­lup, bu mad­da, esa­san, gy­zyl ke­lem­de köp muk­dar­da sak­lan­ýar.
Ho­les­te­ri­ni pe­seld­ýär. Ke­le­miň dü­zü­min­de ar­te­ri­ýa­da dö­räp bil­jek gaý­ry üzül­me­le­riň öňü­ni al­ýan sü­ýüm we ösüm­lik ste­rol­la­ry bo­lup, ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni pe­selt­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Süň­ki ber­kid­ýär. Ke­lem­dä­ki K wi­ta­mi­ni oňur­ga süňk­le­rin­de dö­re­ýän os­teo­po­roz ke­se­li­niň öňü­ni alyp, gan da­mar­la­ry­nyň we ga­nyň ka­da­ly ýag­daý­da bol­ma­gy­ny saz­la­ýar.
Düw­nük ke­se­li­niň dö­re­mek how­pu­nyň öňü­ni al­ýar. Alym­la­r ke­le­miň ýap­ra­gyn­da düw­nük ke­se­li­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýän fi­to­ki­mi­ki mad­da­la­ryň bar­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. An­ti­ok­si­dant­lar we glýu­ko­zi­no­lat­lar ýa­ly ösüm­lik bir­leş­me­le­ri­ni, şeý­le hem kü­kür­di öz içi­ne al­ýan bu hi­mi­ki mad­da­lar iý­mit siň­di­riş ag­za­la­ryn­da düw­nük ke­se­li­ne gar­şy gö­reş­mä­ge hem-de be­de­ni aras­sa­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Alym­la­r duz­la­nan ke­le­miň sag­lyk üçin has-da peý­da­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.