Hytaýyň Şansi welaýatynyň Sian şäherinde ýerleşýän, takmynan, 1400 ýyllyk taryhy bolan ginkgo agajy (Ginkgo biloba) ýene-de sary dona bürendi. Zhongnan dagynyň etegindäki Luohandong obasynyň «Guanyin» gadymy ybadathanasynyň çägindäki bu «goja agaç» uzak ýaşy we owadan görnüşi bilen köpleri haýran galdyrýar. Tomusda gül açýan bu agaç güýzüň ahyrky aýynda altynsow ýapraklara bürenýär. Äpet agajyň «sary deňzi» emele getirýän gaýtalanmajak owadanlygyny görmek üçin dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylar barýar.
Rowaýata görä, bu agajy imperator Li Şimin miladynyň 628-nji ýylynda ekipdir. Häzirki wagtda agajyň boýy 21 metre, şahalarynyň giňligi 19 metre, göwdesiniň diametri 1,7 metre ýetýär. Her ýylyň oktýabr aýyndan noýabr aýynyň ahyryna çenli ginkgo agajynyň gujagy haly düşelen ýaly sary ýapraklar bilen örtülýär. Ginkgo agajyndan tänip ýere gaçýan ýapraklar 10 santimetre çenli galyňlyga ýetip bilýär. Äpet agajyň daşyny gurşap almak üçin elini giňden açan alty sany adam gerek bolýar.
Äpet ginkgo agajy Hytaýyň Gorag astyndaky gadymy we meşhur agaçlarynyň milli sanawyna girizildi. 2021-nji ýylda güýçli ýagyşlar sebäpli agajyň köküne we topragyna zyýan ýetipdir. Ylmy barlaglar esasynda agajyň sagdyn ýaşamagy üçin dürli çäreler geçirildi. Şansi tokaý ylymlary akademiýasy tarapyndan agajyň genetiki nusgalary alyndy we şahalarynyň kök urdurylmagy arkaly ikinji nesil nahallar üstünlikli ösdürilip ýetişdirildi.
Ginkgo hytaý medeniýetinde aýratyn üns berilýän we goralýan agaç bolup, onuň ösüp oturan ýeri bagtly ülke hasaplanýar. Müňýyllyk ginkgo agajy Hytaýyň iň gadymy agaçlarynyň biri bolup, oňa bagyşlanan edebi eserler hem bar. Ginkgonyň maňyzly miwesi (kümüş erik) iýmit hökmünde, ýapraklary dermanlyk maksatda peýdalanylýar. Bu agajyň Gündogar lukmançylygynda ykrar edilen birnäçe peýdasy bar. Dinozawrlary gören gadymy agajy ýakyndan synlamak üçin her gün 3 müň töweregi adam barýar.
PDF








