Dünýä futbolynyň super ýyldyzy Kristiano Ronaldo milli topardaky karýerasyny tamamlandygyny mälim etdi. Ol bu ugurda özüniň instagram sahypasynda 5 minutdan gowrak wideoda belläp geçdi. 41 ýaşyndaky oýunçy şol gysga wideosynda:

– Bu formany, 7-nji belgili formany hem-de kapitanlyk bandyny portugal halkyna yzyna gaýtaryp bermegiň wagty geldi. Hiç haçan men bu forma diňe meňki diýmedim. Ýöne 23 ýyllap ony geýip, ony gorap, dünýäniň çar künjegindäki stadionlarda görkezmek pursatyna eýe boldum, şonuň jogapkärçiligini göterdim.  

Indi, ony geljege bermegiň wagty geldi. Şeýle netijä gelmek ýeňil iş däl. Sebäbi käbir kararlar diňe aň-düşünje bilen däl-de, ýürek bilen kabul edilýändir. 2003-nji ýylyň awgust aýynda başlanan we durmuşymy düýpgöter üýtgeden bu başdangeçirme tamam bolýar.

Milli toparda başdan geçiren wakalara ser salanymda, diňe duşuşyklar, gollar, rekordlar ýa-da kuboklar aňyma aýlananok. Ynsanlary görýärin. 90 minutlap özlerini az hem bolsa Portugaliýa ýakyn duýýan bosgunlar göz öňüme gelýär. Gönümel tanyşmasamam, ýöne meniň durmuşymyň bir bölegine öwrülen millionlarça portugaliýalylar göz öňüme gelýär.

Sebäbi futbol diňe bir oýun däldir, oýundan has köp zatdyr. Futbol hut adamlaryň özleri bilen gönümel baglanyşyklydyr.

Milli topardaky karýeram boýunça öz çägimden köp zähmet çekdim, ýeňiş gazanmak, iň gowusy bolmak we taryha adymy ýazdyrmak isledim.

Hemmelere, maňa goldaw beren ähli kişilere, milli topardaky topardaşlaryma, tälimçilerime köp sag bolsun aýdýaryn – diýen manyda sözler beýan etdi..

Ronaldo Portigaliýanyň milli ýygyndysynda 234 oýunda meýdança çykyp, 146 gol geçirdi we 45 asist etdi. Bu sanlaryň ilkinji ikisi rekorda deňdir. Portugaliýanyň ýygyndysy onuň oýnan döwründe taryhynda ilkinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy (2016). Şeýle-de 2 gezek UEFA Milletler Ligasynda çempionlyk gazandy (2019, 2025).