Dünýäniň iň gadymy futbol bäsleşigi bolan Angliýanyň FA Kubogyny Londonyň “Arsenal” topary eýeledi. Topçular “Wembley”-de oýnalan finalda şäheriň beýleki topary “Çelsi” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 5-nji minutynda  “Çelsi” Kristian Pulişiçiň goly bilen öňe saýlandy. Oýnuň 28-nji minutynda eminiň bellän penalti urgusyny Pier-Emerik Obameýang dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi. Duşuşygyň 67-nji minutynda ýene-de Obameýang owadan gol bilen “Arsenaly” 2–1 öňe çykardy. Oýnuň 73-nji minutynda 2-nji sary kartyny alan Mateo Kowaçiç meýdançadan çykaryldy. Şeýlelikde, “Arsenal” 2–1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 14-nji gezek FA Kubogyny eýeledi. Bu ugurda 1-nji hatarda barýan “Arsenal” soňky gezek 2017-nji ýylda-da “Çelsini” 2–1 hasabynda ýeňipdi. Mikel Arteta “Arsenalyň” taryhynda hem oýunçy, hemem tälimçi hökmünde FA Kubogyny ilkinji şahsyýet boldy.