Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we başlangyjy boýunça Türkmenistanda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýlelikde, amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin ygtybarly binýady döredip, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri şertlendirýär.
Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleriniň görkezişi ýaly, dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik ýagdaýyna garamazdan, görülýän çäreleriň netijesinde, ýurdumyzda halk hojalyk toplumlarynyň esasy ulgamlarynda durnukly ösüş üpjün edildi. Döwrebap bazar düzümini kemala getirmek, Watanymyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasy hem şu ugurdaky wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir. Maksatnamada milli Liderimiziň maýa goýum işjeňligini, eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri höweslendirmek, oňaýly işewür ýagdaýy döretmek, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça öňe süren başlangyçlaryny we tekliplerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreler bellenildi.
Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň onlarça döwleti, ägirt uly tejribä hem-de dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Şonuň bilen birlikde, abraýly halkara maliýe düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bar.
Ikitaraplaýyn Hökümetara toparlar, Iş toparlary, Komitetler we Işewür geňeşleri döwletara ykdysady gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmegine mynasyp goşant goşýar. Olaryň mejlislerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine, şol sanda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň mümkinçiliklerine, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga degişli wajyp meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşylýar. Işewürler maslahatlary hem işjeň hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň netijeli guraly bolup durýar.
Şu ýyl Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň degişli düzümleriniň wekilleriniň arasynda göni aragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Häzirki wagtda şeýle duşuşyklar we gepleşikler tutuş dünýäde giň gerime eýe boldy. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça türkmen tarapy halkara we sebit guramalarynyň hem-de maliýe edaralarynyň ugry boýunça hem göni aragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy. Şolaryň barşynda ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 – 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işewür düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň telekeçilik ulgamy ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda işjeňlik görkezýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berýär. Söwda we hyzmatlar ulgamynyň okgunly ösdürilmegi halk hojalyk toplumyny üstünlikli özgertmegiň aýdyň görkezijisidir. Şoňa görä-de, hut söwda syýasaty Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridi.
Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek babatda aýdylanda bolsa, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dürli elektron ulgamlaryň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy, şol sanda olaryň söwda we salgyt salmak, pes hilli önümleriň ýaýramagynyň öňüni almak ýaly ulgamlarda ulanylmagy Diýarymyzyň dünýäniň söwda-ykdysady we maliýe gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde döwletimiziň abraýynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
Halkara sergilere we ýarmarkalara gatnaşmak Diýarymyzyň gazananlaryny görkezmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, ysnyşykly işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň şeýle iri gözden geçirilişlerdäki bölümleriniň hünärmenler hem-de olara tomaşa etmäge gelýänler üçin hem uly gyzyklanma döredýändigini bellemek gerek.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynda synçynyň derejesiniň berilmegi milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge, onuň daşary söwdada eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän harytlary dünýä bazarlarynda üstünlikli ilerletmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, daşary ýurt maýalaryny çekmäge, bazar özgertmelerini durnukly dowam etdirmäge ýardam eder.