Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary barha ösýär. Şeýle hem ýurdumyzyň dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary hem işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Muňa şu hepdäniň dowamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçirilen wideomaslahatlar hem şaýatlyk edýär.

Hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan
ugur­la­ry kes­git­le­nil­di
13-nji aw­gust­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry­, se­na­gat we söw­da mi­nist­ri­niň ara­syn­da on­laýn gör­nü­şin­de gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ok­gun­ly ösü­şi­ni, ony mun­dan beý­läk-de dur­mu­şa ge­çir­mek üçin bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri bel­le­di­ler. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da äh­li döw­let­ler bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny ama­la aşyr­mak bi­len türk­men-rus­si­ýa stra­te­gi­ki gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de
RF-niň se­bit­le­ri bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet ber­ýär.
Bi­ziň ýur­du­myz in­di köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da RF-niň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «KA­MAZ» JPJ, «Tat­neft» JPJ, «KER-Hol­ding» JÇJ, «Ka­zan di­ku­çar za­wo­dy» JPJ, «Ak bars» Gä­mi­gur­lu­şyk kor­po­ra­si­ýa­sy» PJ ýa­ly öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry we bu se­bi­tiň beý­le­ki işe­wür­lik dü­züm­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar.
Yg­ty­bar­ly hem-de yna­nyş­mak hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de döw­let we işe­wür­ler dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan ne­bit­gaz se­na­ga­ty, ma­şyn­gur­lu­şyk, gä­mi­gur­lu­şyk, aw­tou­lag teh­ni­ka­sy, ser­wis hyz­mat­la­ry, gur­lu­şyk hem-de dür­li mak­sat­ly iri se­na­gat des­ga­la­ry­ny düýp­li abat­la­mak ýa­ly we beý­le­ki ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ama­la aşy­ryl­ýar.
Söh­bet­deş­ler şol san­da der­man se­na­ga­ty ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ösü­şi­ne ka­na­gat­lan­ma bil­dir­di­ler. Dün­ýä möç­be­rin­de ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň ýaý­ra­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly hä­zir­ki ýag­da­ýy göz öňün­de tut­mak bi­len, bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­lyk aý­ra­tyn mö­hüm hä­si­ýe­te eýe bol­ýar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da hor­mat­ly Prezidentimi­ziň ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry­ny bel­läp, ta­rap­lar Türk­me­nis­ta­nyň we Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň bu ugur­da iş­le­ýän alym­la­ry­nyň, hü­när­men­le­ri­niň we luk­man­çy­lyk ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da ýa­kyn gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy ba­ra­da­ky pi­ki­ri aýt­dy­lar. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, bu yl­my dip­lo­ma­ti­ýa­nyň usul­la­ry­ny do­ly de­re­je­de he­re­ke­te gi­riz­mä­ge, şeý­le hem ta­rap­la­ryň pan­de­mi­ýa gar­şy gö­reş­de ta­gal­la­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn iş­jeň­leş­dir­mä­ge ýar­dam eder.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da şeý­le hem öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek we ber­kit­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy.

Türk­men-ow­gan
gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­ýar
12-nji aw­gust­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de wi­deo­mas­la­hat gör­nü­şin­de Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň baş­ly­gy­nyň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Aj­mal Ah­ma­di bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hormatly Prezidentimiziň oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik hem-de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny yzy­gi­der­li ama­la aşyr­mak bi­len, äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň­ bäh­bi­di­ne se­bit we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ryň­ dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň­gat­naş­mak bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär.
Şu ge­zek­ki du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça bi­rek-bi­rek üçin bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek we ber­kit­mek me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Iki ýur­duň we­ki­li­ýet­le­ri­niň dür­li meý­dan­ça­lar­da ozal ge­çi­ren du­şu­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni hem-de der­wa­ýys­ly­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­mak bi­len, ta­rap­lar Türk­me­nis­ta­nyň we Ow­ga­nys­ta­ny­ň o­ňyn hyz­mat­daş­ly­gy gel­jek­de hem iş­jeň ös­dür­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. Hu­su­san-da, goň­şy Ow­ga­nys­ta­nyň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­na saz­la­şyk­ly go­şu­lyş­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len köp­ta­rap­la­ýyn we iki­ta­rap­la­ýyn tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ni iş­jeň­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­na üns çe­kil­di.
Ta­rap­lar şeý­le hem TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň we TOP elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň gur­lu­şy­gy­nyň, «La­pis La­zu­li» ulag ge­çel­ge­si­niň we beý­le­ki­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň bar­şy bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, se­bit äh­mi­ýet­li bu tas­la­ma­lar Ow­ga­nys­ta­nyň çä­gin­den üs­ta­şyr geç­mek ar­ka­ly Gü­nor­ta Azi­ýa ýurt­la­ry­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň eks­port edil­me­gi, bi­te­wi lo­gis­ti­ka mer­ke­zi bi­len ut­gaş­dy­ry­lan ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar hormatly Prezidentimiziň baş­lan­gy­jy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän bu tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň tu­tuş se­bi­tiň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ni, dur­muş we yn­san­per­wer hä­si­ýet­li me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­ne, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­jek­di­gi­ni aýt­dy­lar.
Hu­su­san-da, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­lik de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, şol san­da ener­ge­ti­ka, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa we üs­ta­şyr-lo­gis­ti­ka ugur­ly ta­la­ba­la­ýyk dü­züm­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer.

Ýa­po­ni­ýa­ly hyz­mat­daş­lar
bi­len wi­deo­mas­la­hat
11-nji aw­gust­da wi­deo­mas­la­hat gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len «Mer­ke­zi Azi­ýa + Ýa­po­ni­ýa» gat­na­şyk­la­ry­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hem-de ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy ze­rar­ly, dün­ýä­de eme­le ge­len ýag­da­ýy na­za­ra al­mak bi­len yla­la­şyk­ly gat­na­şyk­la­ryň wa­jyp me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da bu kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li­di­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Şol gat­na­şyk­lar bol­sa bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, raý­daş­lyk hem-de umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ne­ti­je­li da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk, şol san­da «Mer­ke­zi Azi­ýa + Ýa­po­ni­ýa» gat­na­şyk­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­rin­de iş­jeň or­ny eýe­le­ýär. Şol hyz­mat­daş­lyk yzy­gi­der­li we ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Türk­men ta­ra­py­nyň bel­leý­şi ýa­ly, 2004-nji ýyl­da dö­re­di­len pur­sa­dyn­dan bä­ri ýo­kar­da ag­za­lan gat­na­şyk­lar ok­gun­ly ösü­şe eýe bol­dy. Onuň çäk­le­rin­de gep­le­şik­le­riň mow­zu­gy ep-es­li gi­ňel­di. Hä­zir­ki wagt­da ol se­bit we äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge, ne­ti­je­li söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge, me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga de­giş­li wa­jyp me­se­le­le­ri öz içi­ne al­ýar.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da, dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň tä­ze howp­ly ýo­kan­ja gar­şy gö­reş­ýän döw­rün­de dün­ýä­niň stra­te­gik taý­dan mö­hüm äh­mi­ýet­li se­bi­ti hök­mün­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­ni we Ýa­po­ni­ýa­ny bir­leş­dir­ýän gep­le­şik­le­riň şu gör­nü­şi adam­za­dyň ýüz­be-ýüz bo­lan çyl­şy­rym­ly me­se­le­si­ni çöz­mek­den daş­da du­rup bil­mez.
Hä­zir­ki döw­rüň we­him­le­ri­ne gar­şy dur­ma­gyň äh­lu­mu­my gu­ra­ly­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­ly­gyn­dan ugur al­mak bi­len, pan­de­mi­ýa gar­şy gö­reş­mek işin­de ýurt­la­ryň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­ni iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­da la­ýyk bo­lup dur­ýar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan «Mer­ke­zi Azi­ýa + Ýa­po­ni­ýa» gat­na­şyk­la­ry gör­nü­şin­de ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­na gar­şy gö­reş­mek­de gat­na­şy­jy döw­let­le­riň raý­daş­lyk işi­niň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni hem-de bu ýo­kan­jyň dö­red­ýän ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga hem-de be­jer­mä­ge gö­nük­di­ri­len anyk çä­re­le­ri özün­de bir­leş­dir­ýän Mak­sat­na­ma­la­ýyn res­mi­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­mak baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş et­di. Ýur­du­my­zyň adyn­dan şeý­le hem ýa­pon ta­ra­py­na de­giş­li Mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da grant tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy üçin aý­ra­tyn ho­şal­lyk söz­le­ri be­ýan edil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, türk­men luk­man­la­ry Ýa­po­ni­ýa­nyň esa­sy hü­när­men­le­ri bi­len ge­çi­ri­len köp­ta­rap­la­ýyn we iki­ta­rap­la­ýyn wi­deo­mas­la­hat­la­ryň bar­şyn­da al­nan bi­lim­le­re we tej­ri­bä ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, yl­my dip­lo­ma­ti­ýa­nyň gu­ral­la­ryn­dan hem­me­ta­rap­la­ýyn peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, hä­zir­ki wagt­da ýo­kanç ke­sel­le­ri be­jer­me­giň we öňü­ni al­ma­gyň usul­la­ry, luk­man­çy­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, der­man­lar we en­jam­lar, şah­sy go­ra­nyş se­riş­de­le­ri bo­ýun­ça yzy­gi­der­li bi­lim­le­ri we mag­lu­mat­la­ry alyş­mak aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.
Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar «Mer­ke­zi Azi­ýa + Ýa­po­ni­ýa» gat­na­şyk­la­ry­nyň öňü­miz­dä­ki 8-nji mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne üns ber­di­ler. Hu­su­san-da, gat­na­şy­jy döw­let­le­riň howp­suz­lyk ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy­nyň Kon­sep­si­ýa­sy­ny, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin tä­ze Plat­for­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň we ka­bul et­me­giň, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­lar me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Ýol kar­ta­sy­ny, dur­muş-me­de­ni ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­gyň Mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gyň we ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ral­dy.

BSGG bi­len gat­na­şyk­lar
has-da iş­jeň­leş­di­ril­ýär
10-njy aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň, şeý­le hem sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri­niň Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa se­bit­le­ýin eda­ra­sy­nyň di­rek­to­ry Hans Klýu­ge bi­len on­laýn du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Iş­jeň ýag­daý­da ge­çen du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­kyn­da BSGG-niň Baş di­rek­to­ry bi­len ge­çi­ren wi­deo­du­şu­şy­gyn­da öňe sü­ren ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry ba­bat­da iki­ta­rap­la­ýyn me­se­le­le­riň giň top­lu­my, hu­su­san-da, ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň tä­ze gör­nü­şi­niň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň we BSGG-niň hyz­mat­daş­ly­gy ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gyç­la­ry Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­dy.
Ber­len tab­şy­ryk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek hem-de adam sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da öň­de du­ran mö­hüm we­zi­pe­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň döw­let eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şeý­le hem du­şu­şy­gyň bar­şyn­da Türk­me­nis­tan­da hä­zir­ki epi­de­mio­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­na oňyn ba­ha be­ril­di hem-de BSGG-niň bi­ler­men­le­ri­niň be­ren mas­la­hat­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýo­kanç hem-de ýo­kanç däl ke­sel­le­riň gar­şy­sy­na gö­reş­mek we ola­ryň öňü­ni al­mak ba­ba­tyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň oňyn ne­ti­je ber­me­gi ug­run­da ze­rur ta­gal­la­la­ryň ber­jaý edil­me­li­di­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Yl­my dip­lo­ma­ti­ýa ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi, alym-luk­man­la­ryň, bi­ler­men­le­riň we bi­li­miň beý­le­ki ugur­daş pu­dak­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri­niň yzy­gi­der­li pi­kir alyş­ma­gy üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi hem BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bit­le­ýin eda­ra­sy­nyň di­rek­to­ry bi­len ge­çi­ri­len gep­le­şi­giň çäk­le­rin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da ta­rap­lar sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­de öza­ra gat­na­şyk­la­ryň has-da ber­ki­dil­me­gi­ne is­le­giň ulu­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar.