Şweýsariýada uzynlygy 15,4 km bolan Çener demir ýol tunneli açylyp ulanmaga berildi. Onuň işe girizilmegi bilen bahasy 22 milliard frankdan gowrak (24 milliard dollardan gowrak) «Alp daglary arkaly täze demir ýol ugurlary» (NEAT) atly iri taslamanyň gurluşygy tamamlandy. Mundan ozal, bu taslamanyň çäklerinde Lýoçberg tunneli (2007) we Sen-Gotard tunneli (2016) gurlup ulanmaga berlipdir.
Şeýlelikde, ýurduň Daşky gurşaw, ulag, energiýa we aragatnaşyk ministrligi 1992-nji ýylda tassyklanan NEAT taslamasynyň tamamlanandygyny habar berdi. Bu tunnel otlularyň has ýokary tizlikde hereket etmegine, şeýle-de, agyr ýük otlularyny hem ulanmaga mümkinçilik berer. Bu tunneliň Rotterdamy (Niderlandlar) Genuýa (Italiýa) bilen birikdirýän Ýewropanyň iri ýük ulag geçelgesiniň esasy ugry bolandygy nygtalýar.
Daşky gurşawa oňyn täsir etjek tunnel awtoulag ýollaryna garanyňda, has köp haryt daşamaga mümkinçilik berer. Awtoulag arkaly ýük daşalmagyny kem-kemden demirýol ulaglaryna geçirmek meselesi Şweýsariýanyň döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulandyr. Netijede, Lugano bilen Bellinsona şäherleriniň arasyndaky wagt 27 minutdan 19 minuta, Lugano bilen Lokarnonyň arasyndaky wagt bolsa, 50 minutdan 29 minuta çenli azalýar.
Gurluşygy 12 ýyl dowam eden we 3,6 milliard şweýsar franky sarp edilen tunnel arkaly ýylda 170 ýük we 180 ýolagçy otlusynyň gatnajakdygy çak edilýär. Jemi NEAT taslamasyna 22,8 milliard frank maýa goýuldy. Şol bir wagtyň özünde 57 kilometrlik Sen-Gotard tunneliniň gurluşygyna 12 milliarddan gowrak frank sarp edilipdi.