Baýrama sowgatly gelmek milletimiziň asylly däbi. Türkmen halkynyň taryhyna, däp-dessurlaryna aýratyn sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz hem şol asylly däbe eýerip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny sowgat berdi. Bu ajaýyp şa serpaýy şanly baýramyň bosagasynda duran ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby türkmen halkynyň däp-dessurlaryna we milli ýörelgelerine bagyşlanýar. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, halkymyzyň ýagşy dessurlaryna, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär. Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz täze eserinde toplanan taryhy maglumatlary ylmy esasda öwrenip, rejeläp, has-da kämilleşdirip, yzygiderli beýan edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine aýratyn hormat goýýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýar.
12 bölümden ybarat
Asyrlaryň pähim-paýhasyny özünde jemleýän täze kitapda durmuşyň maksady, Zeminiň abadançylygy, baky ýaşaýşyň esaslary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem kitapda akyl-paýhasa eýermegiň zerurlygy, durmuşda başyna baran işiň ugruna bolmagy bilen baglanyşykly çuňňur pelsepewi pikirler orta atylýar. Eserde halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň eždatlarymyzyň wesýeti hökmünde, köpasyrlyk durmuş paýhaslaryny özünde jemlemegi onuň esasy tapawutly aýratynlygydyr.
Hormatly Prezidentimiz öz eserinde asyrlaryň tejribesini geljek üçin gorap saklamagyň we ertire ýetirmegiň her birimiziň öňünde durýan borçdugyny belleýär. Çünki her bir taryhy döwrüň ruhy ýörelgelerini döretmegiň aýratynlyklary hut bu asylly işe baglydyr.
Milli Liderimiziň täze kitabynda tebigat we adam gatnaşyklary hakyndaky düşünjäni dürli rowaýatlaryň mysalynda içgin düşündirilýär. Şeýlelikde, kitabyň geçmiş bilen şu güni baglanyşdyrýandygyny, halkymyzyň türkmençilik ýörelgelerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň, asylly nusgalaryň jemlenendigini görmek bolýar. Halk döredijiliginiň, şol sanda nakyllaryň we matallaryň, paýhasly pähimleriň çeperçilik bilen beýan edilmegi döwlet Baştutanymyzyň edebi eseriniň ähmiýetini has-da artdyrýar, many-mazmunyny baýlaşdyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden hem-de bize wesýet eden belent maksatlary şu günki we geljekki nesiller üçin nusgalyk bolup, olar durmuşda bolşy ýaly, çeper döredijilikde hem öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda toplan baý tejribesiniň we döreden mümkinçilikleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň täze kitabynda hem şu ugra möhüm üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz özüniň täze eserinde milli mirasymyzyň tutuş adamzadyň durmuş tejribesi bilen baglydygy barada gürrüň gozgaýar. Milli Liderimiziň kämil ýaşaýyş, zähmetsöýerlik, nesil terbiýesi ýaly meselelere möhüm ähmiýet bermegi we türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik dessurlaryna berýän bahasy şol mirasyň köp ugurlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda «2020-nji ýylda Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýy uly dabaralara beslenip bellenilýär. Bu baýramçylyk Oguz han zamanyndan bäri dowam edip gelýän parahatçylyk söýüjilikli dostluk taglymatlarynyň dabaralanmasy bolup, taryha ýazylýar» diýip belleýär. Şu ýörelgeler halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynda öz beýanyny tapyp, umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Mahlasy, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary, türkmen halkynyň döreden milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirlerini jemläp, täze esere «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» diýip atlandyrylmagynda uly many-mazmun bar. Munuň özi «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän şu ýylda jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orun eýeleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli bagtyýar halkymyza ajaýyp döredijilik sowgadydyr.
Mähri Atdaýewa,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň iňlis dili mugallymy.