1-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahaty Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlandy.
Duşuşyga daşary syýasat edarasynyň, dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekilleri gatnaşdylar.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ösüşiň we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Forumyň netijeleri döwletiň we jemgyýetiň içerki ösüşi nukdaýnazaryndan hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary babatdaky işi bilen baglylykda hem ägirt uly ähmiýete eýedir.
Munuň özi milli Liderimiziň içeri we daşary syýasatynyň dowamatlylygynyň hem-de özara baglanyşygynyň, syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, demokratik kadalary we tejribäni berkarar etmäge çalyşýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Çykyşlarda wekilçilikli forumyň ýurdumyzda parlamentarizmiň taryhynda täze tapgyryň bolandygy nygtaldy. Forumda iki palataly parlamenti döretmek hakyndaky çözgüt kabul edildi.
Mälim bolşy ýaly, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň Esasy Kanunyny—Konstitusiýasyny täzelemek boýunça işler bir ýyl mundan ozal döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça badalga aldy.
2019-njy ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Konstitusion topar döredildi, degişli Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Taýýarlyk döwrüniň dowamynda örän köpsanly teklipler gelip gowuşdy. Toparyň mejlislerinde şol tekliplere garaldy we umumylaşdyryldy.
Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmak turuwbaşdan ählihalk häsiýetine eýe bolup, ýokary syýasy-hukuk medeniýetini, halk häkimiýetliliginiň we raýatlaryň möhüm döwlet çözgütlerini kabul etmäge gönüden-göni gatnaşmagynyň gadymdan gelýän däplerini alamatlandyrdy. Şol çözgütler bolsa ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegini we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmelidir.
Duşuşyga gatnaşyjylar Konstitusiýany täzelemegiň wajypdygyna ünsi çekdiler. Munuň esasy manysy häzirki döwürde hem-de uzak möhletli geljekde türkmen milli döwletliligini ösdürmek üçin zerur bolan täze konstitusion-hukuk esaslaryny kemala getirmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň umumymilli forumyň mejlisinde gol çeken “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Konstitusion kanuna laýyklykda, ýurdumyzda kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan täze wekilçilikli edara – Milli Geňeş döredildi. Ol iki palatadan—Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybaratdyr.
Döredilen iki palataly parlamentiň jemgyýetçilik ylalaşygynyň hem-de bitewüliginiň pikirini beýan etmelidigi, ilatyň dürli gatlaklarynyň garaýyşlaryna we bähbitlerine wekilçilik etmelidigi hem-de goramalydygy, kanun çykaryjy edarada esasy jemgyýetçilik-syýasy düzümleriň we birleşikleriň wekilçiligini kepillendirmelidigi nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esasyny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de raýat jemgyýetini mundan beýläk-de berkitmek üçin amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.
Metbugat Maslahatyna gatnaşyjylaryň pikirine görä, halkara tejribesini hem-de milli Liderimiziň baştutanlygynda jemgyýetde gazanylan üstünlikleri nazara almak bilen amala aşyrylýan we umumymilli forumda kabul edilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň dabaralanmasyna öwrüldi.