27-30-njy sentýabr aralygynda Hytaýyň Haýnan welaýatynyň dolandyryş merkezi Haýkou şäherinde awtoulag senagatyna bagyşlanan bütindünýä kongresi geçirildi. «Wagtlaýyn kynçylyklary bilelikde ýeňip geçmek, halkara gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk» kongresiň esasy mowzugy boldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda, esasan, alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtoulaglary öndürmekde ýokary tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we awtoulag senagatynyň durnukly ösüşi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Maslahatda käbir çäreler onlaýn görnüşde geçirildi. 4 günlük maslahatyň çäklerinde birnäçe çäreler hem-de hytaý-german forumy guraldy.
Häzirki wagtda Haýnanyň ýolbaşçylary alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtoulag pudagyny işjeň ösdürýärler. Daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy göreşmek we ekologiýany goramak maksady bilen 2030-njy ýyla çenli Haýnan adasynda benzin we dizel hereketlendirijileri bilen işleýän awtoulaglaryň satuwyny doly bes etmek meýilleşdirilýär. Şu maksatlar üçin hökümet ilaty elektrik we gibrid ulaglary satyn almaga höweslendirýär, şeýle hem olar üçin zerur infrastrukturany ösdürýär. Hökümetiň meýilnamalaryna görä, 2030-njy ýylyň ahyryna çenli sebitde 940 müň zarýad beriş bekedi gurulmaly we alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtoulaglaryň umumy sany 1 million töweregi bolmaly. 2019-njy ýylda Haýnanda jemi 12,8 müň elektrik ulagy satylyp, olaryň 7 müňe golaýy (53,4%) hususy ulanyş maksatly ulaglardyr. Haýnan adasynda her ýyl birnäçe ugurlar boýunça çäreler geçirilýär. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Haýkouda 100-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagynda alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglaryň IV sergisi geçirildi. Şu ýylky kongresiň esasy myhmany Germaniýa boldy.