Ýew­ro­pa­da ma­ýyl­gan­ly­gyň tä­sir­le­ri­ni azalt­mak ba­bat­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýew­ro­pa se­bi­tin­de eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa dur­mu­şy üp­jün et­mek üçin ta­gal­la­lar edil­ýär.
Bu ba­ra­da giň ge­rim­li mak­sat­na­ma iş­le­nip dü­zül­ýär. 2030-njy ýy­la çen­li se­bit­de ho­wa goý­be­ril­ýän ha­pa gaz­la­ryň möç­be­ri­ni 55 gö­te­rim azalt­mak mak­sat edi­nil­ýär. Ýew­ro­pa Hy­taý­dan we ABŞ-dan soň­ra ho­wa­ny ha­pa­la­mak­da üçün­ji orun­da dur­ýar. 2017-nji ýyl­dan soň­ra her ýyl ho­wa zy­ňyl­ýan ha­pa gaz­la­ryň möç­be­ri 177 müň kt azal­ýar.
Ýew­ro­pa­nyň to­kaý­la­ry ho­wa­ny ha­pa­la­ýan gaz­la­ryň tak­my­nan 11 göterimini özü­ne siň­dir­ýär. Mu­nuň ýe­ter­lik däl­di­gi, has köp çe­me­leş­me ge­rek­di­gi bel­le­nil­ýär. Ho­wa­ny ha­pa­laýan gaz­la­ryň 80 gö­te­ri­mi ulag se­riş­de­le­rin­den çyk­ýar. Bu ugur­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­ler­den peý­da­lan­mak ba­bat­da köp iş­ler edil­ýär. Ýew­ro­pa­da eý­ýäm or­naş­dy­ryl­ma­gy­na ga­raşyl­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bar. My­sal üçin, Şwe­si­ýa­da po­lat önüm­çi­li­gin­de kö­m­rüň ýe­ri­ne wo­do­rod ulanyl­ma­ga baş­lan­dy.

An­na­ber­di HU­DAÝ­BER­DI­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.