Alymlar ysmanakda batareýanyň güýjüniň çeşmesini tapdylar. Hünärmenleriň pikiriçe, geljekde şeýle usul bilen elektrik ulaglaryndan başlap dürli enjamlar üçin zerur bolan energiýa çeşmesini üpjün etmek mümkin bolar.
Amerikan alymlary ysmanagy uglerod nanobölejiklerine öwürdiler, şonuň netijesinde ondan energiýa çeşmesiniň mümkinçiligi ýüze çykaryldy.
Alymlar ilki bilen ysmanagy ýuwdular, suwuny sykyp aldylar, soňra guradyp, bölejikleri emele getirdiler. Netijede, uglerod nanogurluş emele getirildi. Şeýle katalizatorlar ýeterlik tok we energiýa öndürmegine getirjek kislorody azaltmak reaksiýasyny çaltlandyrmak üçin zerurdyr.
Begsähet ŞADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.