6-njy oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçylary bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirilip, onda, esasan, milli ösüş meýilnamalary nazara alnyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň uzak möhletleýin geljege niýetlenen hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ugurlary özünde jemläp, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly kybap gelýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara hormat goýmak hem-de ikitaraplaýyn bähbitlilik ýörelgelerinde mundan beýläk-de netijeli gatnaşyk etmek maksady bilen, bilelikdäki şertleri döretmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin şunuň ýaly işewür duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny nygtadylar.
7-nji oktýabrda «Türkmenistan-Özbegistan» işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onlaýn-duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Wideoduşuşyga gatnaşyjylar işewür hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda, dokma, gurluşyk, himiýa we elektron senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda, aragatnaşyk, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda işewür gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň ýaly-da, Özbegistanyň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilen oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynýandygyny nazara almak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy nygtaldy.
Mejlise gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny tassyklap, «Türkmenistan-Özbegistan» işewür geňeşiniň işiniň özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
8-nji oktýabrda Türkmenistan–Owganystan–ABŞ formatynda üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly birinji duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän üçtaraplaýyn dialogyň başlangyç nokady bolan bu duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Owganystana ýardam bermek hem-de bu ýurtda köpýyllyk ýaragly çaknyşyklaryň bes edilmegine we parahatçylygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen owganara gepleşikleriniň ilerledilmegine aýratyn üns berildi.
Taraplar Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşdylar. Gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekildi.