Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa agentliginiň (IRENA) taýýarlan maglumatyna görä, dünýäde energiýanyň arassa çeşmelerini öndürýän pudakda 11,5 milliondan gowrak adam zähmet çekýär. Bu görkezijiniň geçen ýylyň ahyryna degişlidigi mälim edildi. Iş orunlarynyň üçden biri (33 göterimi) Günden alynýan energiýa degişlidigi bellenilýär. Halkara guramanyň maglumatlaryna görä, arassa energiýa pudagyndaky iş orunlary 2012-nji ýyldan bäri global derejede ösüşini dowam etdirdi. Mundan sekiz ýyl ozal dünýäde 7,3 million adam bu pudakda zähmet çekýän bolsa, bu görkeziji 2018-nji ýylda 11 milliona, geçen ýylyň ahyrynda 11,5 milliona ýetdi. Şeýlelikde, geçen ýyl bu pudakda zähmet çekýänleriň sanyna 500 müň adam goşulypdyr. Bu görkezijiniň 63 göteriminiň Aziýa ýurtlaryndadygy mälim edildi. Hytaýda gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda zähmet çekýänleriň sany 4,4 milliona ýetýär. Braziliýada 1,1 million, Hindistanda 824 müň we ABŞ-da 756 müň adam bu pudakda işleýär.
Günde Hytaý,
bioenergiýada Braziliýa öňde
Global derejede Günden alynýan energiýa pudagynda 3,8 million adam zähmet çekýär. Bu iş orunlarynyň 2,2 milliony Hytaýda döredilipdir. Bu ugurda Ýaponiýa, ABŞ, Hindistan we Bangladeş degişlilikde ýokarky orunlary eýeläpdirler. 3,6 million adam bioenergiýa pudagynda zähmet çekýär. Braziliýa, Indoneziýa, ABŞ, Kolumbiýa we Tailand bu ugurda iň köp iş ornuny döreden ilkinji bäşlige girdiler. Ýer ýüzünde gidroelektrik beketlerden alynýan energiýa 2 million adamy iş bilen üpjün edýär. Hytaý, Hindistan we Braziliýa bu ugurdaky iş orunlarynyň 59 göterimini üpjün edýär.
Global derejede Ýel beketlerinden alynýan energiýa 1,2 million adamy iş bilen üpjün edýär. Bu iş orunlarynyň 44 göterimi Hytaýa degişlidir. Hytaýdan soňra degişlilikde, Germaniýa, ABŞ, Hindistan we Beýik Britaniýa bu ugurda öňdeligi eýeledi.
900 müň iş orny geotermal we beýleki ýyladyjy we sowadyjy pudaklarda zähmet çekýär. Şeýle hem alternatiw energiýa pudagynda zähmet çekýänleriň 32 göteriminiň zenanlardygy mälim edildi.
Guramanyň baş direktory Françesko La Kamera maglumat barada metbugata beren beýanatynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösen we ösüp barýan ýurtlarynda iş orunlaryny döredýändigine ünsi çekip, energiýanyň bu pudagynyň özleşdirilmeginiň ýerli girdejini artdyrýandygyny belledi. Guramanyň hünärmenleri dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý yzda galandan soňky üç ýylyň dowamynda gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda 3 ýylda 5,5 million täze iş ornunyň dörejekdigini çaklaýarlar. Şeýle hem, bu ugurdaky iş orunlarynyň sanynyň 2030-njy ýyla çenli 30 milliona ýetmegine garaşylýar.
Nurmyrat Garaýew,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.