ABŞ-nyň ae­ro­kos­mos eda­ra­sy NA­SA Jeýms Web­biň ady­ny gö­ter­ýän kos­mos te­les­ko­py­nyň no­bat­da­ky sy­nag­dan ge­çen­di­gi­ni mä­lim et­di. Kos­mos gi­ňiş­li­gin­de dür­li göz­leg­le­ri ama­la aşyr­jak bu en­jam 1990-njy ýyl­dan bä­ri ula­nyl­ýan «Hubb­le» te­les­ko­py­nyň or­nu­na ula­ny­lar. Te­les­kopyň tä­ze nes­li kos­mo­sa uçu­ry­lan­da dür­li daş­ky tä­sir­le­re nä­de­re­je­de çy­dam­ly­dy­gy sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Tas­la­ma ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Bill Oş te­les­ko­pyň sy­na­gy­nyň şow­ly ta­mam­la­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le hem onuň uçu­ryl­jak wag­ty­nyň üýt­ge­män­di­gi mä­lim edil­di. Mun­dan ozal uly kos­mos en­ja­my­nyň 2019-njy ýyl­da uçu­ryl­ma­gy mak­sat edi­ni­lip­di. Em­ma ýü­ze çy­kan kä­bir bök­denç­lik­ler se­bäp­li onuň uçu­ryl­jak se­ne­si 2021-nji ýy­la süý­şü­ril­di. «Ja­mes Webb» te­les­ko­py ar­ka­ly mun­dan ozal gö­rüp bol­ma­ýan kos­mo­syň has çuň­luk­la­ryn­dan mag­lu­mat al­nar. Ýo­ka­ry op­ti­ki en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len te­les­kop ar­ka­ly kos­mo­syň mun­dan 13,7 mil­liard ýyl ozal bo­lup ge­çen­di­gi çak­la­nyl­ýan «Uly part­la­ýyş­dan» (Big Bang) 200 mil­li­on ýyl soň­ky wag­ty öw­re­ni­ler. Kos­mos te­les­ko­py il­kin­ji ýyl­dy­zyň ýa­ny­şy­ny gör­mek üçin soň­ky teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry we äpet aý­na bi­len üp­jün edi­lip­dir. «Ja­mes Webb» te­les­ko­py «Hubb­le»-den ta­pa­wut­ly­lyk­da Ýer­den 1,6 mil­li­on ki­lo­metr uza­gyn­da Gü­ne has go­laý bo­lan or­bi­ta­da he­re­ket eder. Te­les­kop­da­ky aý­na­nyň giň­li­gi 2,4 met­re ba­ra­bar. Hä­zi­re çen­li kos­mo­syň çuň­luk­la­ryn­dan mil­li­on­lar­ça gezek su­ra­ta alnyp ýe­re ibe­ri­len «Hubb­le» te­les­ko­py tä­ze te­les­ko­pyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len ula­nyş­dan gal­dy­ry­lar.

Aý­na Öwez­gel­di­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.