Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda çagalar çäksiz mähir, söýgi bilen gurşalýar. Bu günki gün röwşen geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalar hakda ýurt derejesinde edilýän aladalary her bir ädimde, her bir pursatda duýmak bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda bilim ulgamyny, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek ugrundaky tagallalary ýaş nesliň ylymly-bilimli ýetişmekleri üçin edilýän aladalardyr.
Hormatly Prezidentimiziň giň gerime eýe bolýan bilim özgertmeleriniň düýp özeninde ýaş nesillere döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma, döredijilige ugrukdyrmak ýaly asylly maksatlar ýatyr. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň bilim edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilip, tehnologiýanyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, kämil tehnologiýaly bilim ojaklary gurulýar. Şol mekdeplerde bilim alýan ýaşlar Watanymyzyň geljekki ösüşleri üçin esasy hünärmenler hem-de bilermenler bolup ýetişýärler. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Biz döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna, bilim ulgamyny hem halkara derejede döwrebap ýagdaýa getirmäge, iň esasy bolsa, mynasyp ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr dynç alyş-sagaldyş merkezleri guruldy we gurulýar. Bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar» diýip nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň bilim syýasaty we sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, gujurly ýaş nesli terbiýelemek boýunça geçirilýän giň gerimli işleri öz saldamly netijesini berýär. Milli we abraýly halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlary alýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ýurdumyzda «Ýylyň mugallymy» we «Ýylyň terbiýeçisi» atly döwlet bäsleşikleri hemişelik esasda geçirilýär. Olar mugallymlaryň öz ukyplaryny ýüze çykaryp we döredijilik mümkinçiliklerini açyp bilmegi, hünärleriniň abraýyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribäni wagyz etmek maksady bilen guralýar. Ýokary okuw mekdeplerimizde bolsa, sanly bilim ulgamyny nazarlap, örän ähmiýetli ençeme işler alnyp barylýar. Talyplara berilýän dersleriň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen wideoýazgylar, audioýazgylar, elektron kitaplar, okuw gollanmalaryň elektron görnüşiniň taýýarlanmagy ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Kompýuterler bilen üpjün edilen elektron kitaphanalardan peýdalanmak endigini kemala getiren ýaşlaryň sany barha artýar.
Biz – mugallymlar: milli Liderimiziň atalyk aladalaryna jogap edip, talyplaryň kämil bilimli, ylymly bolup ýetişmekleri üçin zehin-yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris. Biziň bilim, ylym ulgamynda alyp barýan işlerimiziň amala aşmagyna uly ýardam berýän hormatly Prezidentimize bolsa alkyşlarymyzyň çägi ýok. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýnur Kakyşowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
mugallymy.