20-nji okt­ýabr­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de on­laýn gör­nüş­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň (Türk­me­nis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň), Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň hem-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Da­şa­ry sy­ýa­sat gul­lu­gy­nyň Baş sek­re­ta­ry ha­nym Hel­ga Şmi­diň de­re­je­sin­de ÝB – MA – Ow­ga­nys­tan gör­nü­şin­de wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da se­bit­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň howp­suz­lyk ul­ga­myn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len gat­na­şyk et­mek ba­ra­da­ky me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. «Mer­ke­zi Azi­ýa – Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» mej­li­si­niň mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki no­bat­da­ky tap­gy­ry­na hem-de ÝB – MA gör­nü­şin­dä­ki «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýet» bo­ýun­ça Bi­rin­ji fo­ru­ma gö­rül­ýän taý­ýar­ly­gyň bar­şy­na, ÝB-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin tä­ze stra­te­gi­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ga­ral­dy.
ÝB-niň Da­şa­ry sy­ýa­sat gul­lu­gy­nyň Baş sek­re­ta­ry ha­nym Hel­ga Şmid Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň BMG-niň Aş­ga­bat­da ýer­le­şen Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň işi­ni gol­da­ýan­dy­gy­ny we ile­ri tut­ýan­dy­gy­ny hem-de gel­jek­de onuň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne ýa­kyn­dan ýar­dam ber­mä­ge me­ýil­li­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy.
Du­şu­şyk­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň «BOM­KA», «KA­DAP» mak­sat­na­ma­la­ry­nyň, ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy bo­ýun­ça ÝB – Mer­ke­zi Azi­ýa se­bit­le­ýin iş­le­ri­niň ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy hem bel­le­nil­di.
On­laýn mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de oňa gat­na­şy­jy­lar pan­de­mi­ýa­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ne­ti­je­le­ri­ni ýe­ňip geç­mek­de umu­my ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy, tä­ze şert­ler­de ila­tyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­te» geç­mek işi­ne san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy ba­ra­da­ky me­se­le­le­re-de se­re­dip geç­di­ler.
* * *
21-nji okt­ýabr­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki to­pa­ryň üçün­ji mej­li­si on­laýn gör­nüş­de ge­çi­ril­di. Oňa BAE-niň da­şa­ry iş­ler we hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk mi­nist­ri şeýh Ab­dul­la bin Za­ýed Al Na­ha­ýa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky to­par gat­naş­dy.
Şu ge­zek­ki du­şu­şyk­da ko­mi­te­tiň iki ta­rap­dan baş­lyk­la­ry iki ýur­duň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni, mu­ňa bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň hem-de BAE-niň ýo­ka­ry ýol­baş­çy­ly­gy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ra hä­si­ýet­li bo­lan öza­ra dü­şü­niş­me­giň we yna­nyş­ma­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­niň gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler.
Mej­li­siň bar­şyn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Döw­let we hu­su­sy dü­züm­le­riň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge, ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi be­ýan edil­di.
Iki ýur­duň ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­ma­ga we ös­dür­mä­ge de­giş­li pi­kir alyş­ma­lar ge­çi­ril­di. Şon­da de­ňiz, de­mir ýol we ho­wa ul­gam­la­ry­nyň, port dü­züm­le­ri­niň kuw­wa­ty­ny ulan­mak ar­ka­ly iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iler­let­me­giň or­ny ba­ra­da aý­dyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «EXPO – 2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di, oňa Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň gat­naş­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, hu­su­san-da, Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­ga açyk­dy­gy aý­ra­tyn bel­le­ni­lip ge­çil­di.
Ta­rap­lar «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­tiň» wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, dur­nuk­ly ener­gi­ýa­nyň ula­nyl­ma­gy, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa ul­ga­my­nyň bi­ler­men­lik ba­şar­nyk­la­ry­nyň iler­le­dil­me­gi dog­ru­syn­da pi­kir alyş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri bo­ýun­ça agent­li­gi­niň (IRE­NA) çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy has hem gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma­sy be­ýan edil­di.
* * *
22-nji okt­ýabr­da Ger­ma­ni­ýa­nyň «Com­merz­bank» ban­ky­nyň Lýuk­sem­burg Be­ýik Ger­sog­ly­gyn­da­ky şa­ham­ça­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len gö­ni wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Com­merz­ban­ky­nyň» şa­ham­ça­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len bolan on­laýn gep­le­şik­le­re Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň, Mer­ke­zi ban­kyň hem-de Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, GFR-iň we umu­man, Ýew­ro­pa­nyň ma­li­ýe to­par­la­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da mil­li ma­li­ýe-bank ul­ga­my­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän ne­ti­je­li çä­re­le­re ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýär. Şol çä­re­ler dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin hä­zir­ki çyl­şy­rym­ly dö­wür­de ýur­du­myz­da dur­nuk­ly­ly­gy we dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şiň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, se­riş­de­le­ri­niň muk­da­ry bo­ýun­ça ikin­ji orun­da bo­lan Ger­ma­ni­ýa­nyň bu ban­ky­nyň we­kil­le­ri mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan mak­ro­yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri­ni hem-de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­ny na­za­ra alyp, türk­men bank­la­ry bi­len mun­dan beý­läk-de gat­na­şyk et­me­giň gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Ýew­ro­pa­nyň iri bank kon­ser­ni­niň we­kil­le­ri tu­tuş Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň dur­nuk­ly ösü­şin­de Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän mö­hüm or­nu­ny nyg­tap, Türk­me­nis­ta­nyň gül­läp ösüş we ro­waç­lyk ýo­ly bi­len has-da üs­tün­lik­li öňe iler­le­me­gi­ni ga­zan­mak mak­sa­dyn­da «Com­merz­ban­kyň» däp bo­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy­lar.