Arheologlar Perunyň Naska belentliklerinden pişigiň şekilini ýatladýan ýene-de bir geoglifi ýüze çykardylar. 37 metr uzynlykdaky şekil depäniň ýapgydyna çekilipdir. Hünärmenler geoglifiň miladydan 100-200 ýyl öň çekilen bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.
– Biziň geoglifleri nädip tapýanlygymyz köpleri gyzyklandyrýar. Soňky ýyllarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen hemme zat aňsatlaşdy. Öň uçaryň üstünden suratlary alýardyk, ýöne indi pilotsyz uçarlaryň kömegi bilen, guşuçar belentlikden hem surata alyp bilýäris – diýip, Naska arheologik seýilgähiniň hünärmeni Jonni Isla gürrüň berdi.
1994-nji ýylda Naska geoglifleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň hemmesi takmynan, 2000 ýyl ozal döredilipdir. Arheologlar Perunyň Naska belentliklerinden şu mahala çenli ýüze çykarylyp, içgin öwrenilen 50-den gowrak näbelli geoglifleriň käbiriniň gadymy Parakas medeniýetini janlandyrýandygyny anykladylar. Naskadaky gadymy geometrik şekiller ençeme täsinlikleri özünde saklaýar. Olaryň käbirlerinden haýwanlaryň we ynsanlaryň şekillerini aýyl-saýyl edip bolýar. Şekilleriň käbiriniň uzynlygy 150 metre ýetýär. Olary ilkinji gezek amerikan arheology Pol Kosok 1939-njy ýylda Naska belentliginiň ýokarsyndan uçarda barýarka anyklapdyr. Häzirlikçe köp sanly barlag geçirijiler Naska medeniýetiniň galdyran şekilleriniň kim tarapyndan we näme maksat bilen çekilendigini anyklap bilmeýärler.