Soňky ýyllarda ýurdymyzda sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak we elektron hyzmatlary ulanmagyň gerimini giňeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Dürli pudaklary ösdürmegiň maksatnamalarynda, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny ulanmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge aýratyn orun berilýär. Bu işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň ähli zatlaryň özeni bolan kämil bilim ulgamynda köp işleriň binýadyny tutdy. Sanly bilim ulgamy – munuň özi diňe bir ylym adamlarynyň däl, eýsem, tutuş ynsanyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň ýeňilleşmegidir. San­ly bi­lim ulgamy özünde elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan ylym-bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri jem­le­ýär.

San­ly bi­li­mi ulgamyny ös­dür­mek üçin, il­kin­ji no­bat­da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk  döwründe bi­lim al­ýan­ biz ýaşlaryň hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­magymyz ze­rur­dy­gy öz-özün­den düş­nük­li­dir. Ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ösen in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi, talyplaryň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Muny dur­mu­şa ge­çir­me­k üçin ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när­men­ler, pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar, şeý­le-de ýaş­lar ta­ra­pyn­dan san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Bilim ojaklarymyzda sanly bilim portaly we elektron kitaphana portallary hereket edip, talyplaryň bilimlerini kämilleşdirmäge uly goşant goşýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, bi­lim ojak­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bilen da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, şeýle-de ylym-bi­lim mer­kez­le­ri arasynda uzak ara­lyk­dan sa­pak­lar, wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Bu ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan bi­lim–ter­bi­ýe­çi­lik, ylym, sport, me­de­ni-köp­çü­lik iş­le­ri­ni ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li öz­gert­me­le­ri, ösüş­le­ri giň­den şöh­le­len­dir­mek­de san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.