Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär, täze üstünlikler gazanylýar. Türkmen Lideriniň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen öňdengörüjilikli başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň, şol bir wagtda hem dünýä döwletleriniň uly goldawyna hem-de ykrarnamasyna eýe bolýar.

Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň geçirilen Baş Assambleýasynyň mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly Kararnama kabul edilýär we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ikinji gezek “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly Kararnamany kabul edilýär. Bu bolsa, dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine hem-de halkara giňişliginde ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine giň ýol açýar.

Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasatynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigi we onuň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun eýeleýändigini aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara gatnaşygy yzygiderli ösdürilýär we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrylýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagyny kepillendirýär. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt telekeçiligi, maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly sebitdäki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy barha giňeldýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara derejesindäki amal edýän beýik işler, belent ösüşler bilen dünýä tanadýan Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

 

Muhammet Çaryýew,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjisi.