«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda uly baýramy, ýagny, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyny zähmet ýeňişlerimiz bilen garşy almaga taýýarlanýarys.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan indi dünýä ýurtlarynyň arasynda ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda ynamly gadam urýar. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýänligi özüniň oňyn netijelerini berýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda türkmen döwleti uly üstünliklere eýe bolýar. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Türkmenistanyň dünýä bileleşigine işjeň goşulmagy, ençeme döwletler bilen söwda-ykdysady we gumanitar-medeni gatnaşyklaryň giňemegi, halkara maslahatlaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilip durulmagy ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşine kuwwatly itergi berýär we onuň bütin dünýädäki abraýyny belende göterýär.
Hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary netijesinde energiýa serişdeleriniň durnukly hem-de howpsuz üstaşyr geçirilmegi, bütin dünýäde ekologiki abadançylygyň goralyp saklanmagy, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň bähbitlerinden ugur alyp amatly ulag-üstaşyr gatnawlarynyň üpjün edilmegi babatdaky Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary bu günki gün özüniň oňyn çözgütlerini tapýar. Biziň döwletimiz halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek üçin zerur şertleri döretmek boýunça tutumly işleri dowamly alyp barýar. Ýewraziýa giňişliginde yklymlaryň ykdysady gatnaşyklaryny guramak babatynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertler döredilýär. Ýurtlaryň arasyndaky ulag geçelgeleriniň herekete girizilmegi bilen halkara hyzmatdaşlygyny we söwdany ösdürmäge örän giň mümkinçilikler açylýar.
Halkymyzyň asuda, parahat, erkin durmuşda, ýaşamagy ugrunda çuňňur alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!
Merjen Hojiýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.