Golaýda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty “Makul Sözlük” atly türkmen we iňlis dilindäki ilkinji sesli we sanly sözlügi taýýarlady.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda “Google Terjimäniň” türkmen dilindäki nusgasynyň durmuşa geçendigini we az sanly hem bolsa, türkmen-iňlis dillerinde beýleki sözlükleriň bardygyny belläp geçeliň. “Makul sözlügiň”  beýleki sözlüklerden tapawutly tarapy sanly sözlük bolmagydyr.

Bu sözlügiň iň esasy aýratynlygy “Sesli sözlük” bolmagydyr. Ýagny, “Makul Sözlük” türkmen dilinde “gepleýän” hem “düşünýän” ilkinji sözlükdir. Bu sözlük arkaly türkmen dilindäki we iňlis dilindäki sözleriniň diňe ýazmaça görnüşini däl-de eýsem, ol sözleri sesli hem diňlemäge mümkinçilikler döredildi. Ýagny, gözleýän sözleriňizi diňe ýazyp tapmak däl, eýsem, sözlükdäki ýörite programmanyň üsti bilen “sesli gözleg” arkaly hem tapmak bolýar. Sözlüge bilmek isleýän iňlisçe sözüňizi aýtsaňyz, onuň türkmençesini ses bilen aýdyp berýär.

Häzir sözlükde 21 müňden gowrak türkmen dilinde hem-de 15 müňden gowrak iňlis dilinde söz bar. Sözlük yzygiderli kämilleşdirilip, onuň üsti täze sözler bilen baýlaşdyrylýar.