Met­bu­gat sek­re­ta­ry bo­lar. ABŞ-nyň Prezidenti we­zi­pe­si­ne saý­la­nan Jo­zef Baý­de­niň Ak ta­myň met­bu­gat sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne Jen­ni­fer Psa­ki­ni bel­le­mek ni­ýe­ti­niň bar­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Ol Ba­rak Oba­ma­nyň pre­zi­dent­lik eden döw­rün­de döw­let de­par­ta­men­ti­niň res­mi we­ki­li, şeý­le hem Pre­zi­den­tiň ara­gat­na­şyk bo­ýun­ça kö­mek­çi­si bo­lup iş­le­di. Hä­zir­ki wagt­da ol de­mok­rat­la­ryň ge­çiş to­pa­ry­nyň ge­ňeş­çi­si­dir. Şeý­le hem Jo­zef Baý­den Keýt Be­ding­fil­di Ak ta­myň ara­gat­na­şyk bo­ýun­ça di­rek­to­ry we­zi­pe­si­ne bel­le­me­gi me­ýil­leş­di­r­ýär. ABŞ-nyň tä­ze ad­mi­nist­ra­si­ýa­syn­da di­ňe ze­nan­la­ryň jo­gap­kär bol­jak­dy­gy mälim edildi.

Döw­let sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne da­laş­gär. Pre­zi­dent­li­ge saý­la­nan Jo­zef Baý­den, To­ni Blin­ke­ni Döw­let sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne bel­lär. Bu ba­ra­da Jo­zef Baý­de­niň to­pa­ryn­da­ky çeş­me­le­re sal­gy­la­nyp, ame­ri­kan met­bu­ga­ty mälim edýär. Ak ta­myň yg­ty­ýar­ly we­kil­le­ri Baý­de­niň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry­ny yg­lan edip baş­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär­ler. Ba­rak Oba­ma­nyň 2009-2013-nji ýyl­lar­da il­kin­ji pre­zi­dent­lik eden döw­rün­de To­ni Blin­ken wi­se-pre­zi­dent Jo­zef Baý­de­niň mil­li howp­suz­lyk bo­ýun­ça ge­ňeş­çi­si bo­lup iş­le­di.

Saý­law­lar­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ga­na­nyň hä­zir­ki Prezidenti Na­na Aku­fo-Ad­do Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­yp, ikin­ji möh­le­te saý­lan­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Na­na Aku­fo-Ad­do 51,59 gö­te­rim ses alyp, bi­rin­ji tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­dy we 2021-nji ýy­lyň 7-nji ýan­wa­ryn­dan 2025-nji ýy­lyň 6-njy ýan­wa­ry­na çen­li ýur­dy do­lan­dyr­mak hu­ku­gy­na eýe bol­dy. Hä­zir­ki döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň iň ýa­kyn bäs­de­şi Jon Dra­ma­ni Ma­ha­ma ses­le­riň 47,36 gö­te­ri­mi­ni al­dy. Ga­lan ses­ler beý­le­ki 10 da­laş­gä­riň ara­syn­da paý­lan­dy. Saý­law­lar­da je­mi 13 milliondan gowrak saý­law­çy ses ber­di.

Du­baý­da gar ki­noteatry açy­ldy. Ýa­kyn Gün­do­gar­da il­kin­ji gar ki­no­te­at­ry Du­baý­da açyl­dy. Ol dag ly­ža ku­ror­ty «Ski Egypt» we ki­no zyn­jy­ry «Vox Cine­mas» ta­ra­pyn­dan ýo­la go­ýul­dy. Ki­no­teatr 11-nji de­kabr­dan few­ral aýy­nyň ahy­ry­na çen­li açyk bo­lar. Teatr­da­ky ho­wa­nyň de­re­je­si +2 … +3 de­re­je. Şeý­le hem, pe­tek bi­len bir­lik­de, gyz­gyn şo­ko­lad, eli ýy­lat­mak üçin tu­lum, el­lik we ýy­ly baş­gap ber­ler. Bu teatr­da gör­ke­zil­ýän film­le­riň mow­zu­gy gyş pas­ly bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, to­ma­şa­çy­lar öz­le­ri­ni gy­şyň aň­za­gyn­da ýa­ly du­ýýar­lar.

Ys­sy ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy. 2020-nji ýyl me­teo­ro­lo­gik gö­zeg­çi­lik­le­riň ta­ry­hyn­da iň ys­sy ýyl­la­ryň bi­ri bo­lup, 2011-nji ýyl­dan 2020-nji ýy­la çen­li iň ys­sy 10 ýyl bo­lup bi­ler. Bu ba­ra­da Bü­tin­dün­ýä Me­teo­ro­lo­gi­ýa Gu­ra­ma­sy­nyň (WMO) tä­ze ha­sa­ba­tyn­da aý­dyl­ýar.
– 2020-nji ýyl­da dün­ýä­dä­ki or­ta­ça gyz­gyn­lyk de­re­je­si se­na­gat­dan öň­ki dö­wür­den (1850-1900) 1,2 de­re­je ýo­ka­ry bol­dy. 2024-nji ýy­la çen­li se­na­gat­dan öň­ki de­re­je­den ýe­ne-de gö­te­ril­mek äh­ti­mal­ly­gy bar – di­ýip, gu­ra­ma­nyň baş­ly­gy Pet­te­ri Taa­las aýt­dy.

Ewe­res­tiň be­ýik­li­gi­ni yla­laş­dy­lar. Hy­taý we Ne­pal Ewe­rest da­gy­nyň iň soň­ky bel­li­ge al­nan be­ýik­li­gi­ni – 8 848,86 metr di­ýip yg­lan et­di­ler. Pe­kin Ewe­res­tiň be­ýik­li­gi­ni iki ge­zek – 1975-nji ýyl­da we 2005-nji ýyl­da öl­çäp­di. 1975-nji ýyl­da da­gyň be­ýik­li­gi 8,848,13 metr­di. 2005-nji ýyl­da hy­taý­ly alym­lar 8,844,43 metr be­ýik­lik­dä­ki da­gyň de­pe­si­ni hem-de gar we buz ör­tü­gi­niň çuň­lu­gy­ny (3,5 metr) aý­ra­tyn öl­çe­di­ler. Kat­man­du­da Ewe­res­tiň be­ýik­li­gi­ni gar ör­tü­gi bi­len bir­lik­de ha­sap­la­ma­ly­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.

Eý­fe­liň bir par­ça­sy sa­tyl­dy. Auk­si­on öýi «Artcurial»-yň ha­ba­ry­na gö­rä, Pa­ri­žiň auk­si­onyn­da Eý­fel di­ňi­niň bir bö­le­gi 275 müň funt ster­lin­ge sa­tyl­dy. Ol ady mä­lim edil­me­dik ýew­ro­pa­ly kol­lek­si­ýa­çy ta­ra­pyn­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lyp, baş­lan­gyç ba­ha­sy 30-40 müň ýew­ro deň bol­dy. Üç metr­lik bö­lek Eý­fel di­ňi­niň ikin­ji we üçün­ji gat­la­ry­ny bir­leş­di­ren bu­rum-bu­rum bas­gan­ça­gyň bir bö­le­gi­dir. Dört ýyl mun­dan ozal Eý­fel bas­gan­ça­gy­nyň do­kuz sa­ny ula­nyş­dan aý­ry­lan bas­gan­ça­gy ABŞ-ly aly­ja 550 müň dol­la­ra sa­ty­lyp­dy.

3 müň ýyl­lyk mon­juk ta­pyl­dy. Do­kuz ýaş­ly og­lan Ben­ýa­min Milt Iýe­ru­sa­lim­dä­ki yba­dat­ha­na­nyň go­la­ýyn­dan ta­ry­hy 3 müň ýyl­a deň bo­lan öz­bo­luş­ly al­tyn mon­juk tap­dy. Gül şe­kil­li be­zeg bi­ri-bi­ri­ne ber­ki­di­len ki­çi­jik al­tyn top­lar­dan yba­rat. Mon­ju­gyň bi­rin­ji yba­dat­ha­na­nyň (mi­la­dy­dan öň­ki 950-nji ýyl­dan 586-njy ýy­la çen­li bo­lan Sü­leý­man yba­dat­ha­na­sy) döw­rün­de ýa­sa­lan­dy­gy çak edil­ýär. Alym­lar bu döw­rüň al­tyn önüm­le­ri­niň ju­da seý­rek bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler, çün­ki şol dö­wür­dä­ki al­ty­nyň dü­zü­min­de ep-es­li muk­dar­da kü­mü­şiň ga­ryn­dy­sy bol­ýan eken.