Biziň eýýamymyzyň I asyrynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde gömlen gadymy Rim şäheri Pompeide çig önümler we taýýar iýmitler satylan köçe garbanyşhanasy ýüze çykaryldy.
– Şeýle garbanyşhananyň tapylmagy onçakly uly täzelik däl. Çünki Pompeide olaryň köpdügi belli, alymlar adaty adamlar üçin niýetlenen şeýle garbanyşhanalaryň 80-e golaýyny ýüze çykardylar. Ýöne bu gezek hünärmenler ol ýerde satylan iýmitleri anyklamagy başardylar. Mundan başga-da, hödür edilýän önümleriň şekilleri saklanyp galypdyr – diýip, Pompei arheologik ýadygärliginiň müdiri Massimo Ozanna aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häzirki tapyndy Pompei aşpezleriniň balyk bilen dürli önümleri utgaşdyryp dürli görnüşli iýmitleri taýýarlandyklaryna düşünmäge mümkinçilik berýär. Garbanyşhanadaky wulkan gatlagynyň aşagynda saklanyp galan jisimleriň kömegi bilen alymlar toparynyň düzüminde işleýän zoologiýa hünärmenleri goýunlaryň, geçileriň we ördekleriň süňklerini anyklamagy başardylar.
Häzirki wagtda Rim sungatynyň ýadygärliklerini abatlaýjylaryň tagallasy bilen Pompeidäki binalar ikinji ömrüne eýe bolýar. Abatlaýyş işleri Ýewropa gaznasynyň hasabyna maliýeleşdirilýän «Uly Pompei» taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Taryhy maglumatlardan belli bolşuna görä, bu şäher biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynyň 24-nji awgustynda tutuşlygyna diýen ýaly Wezuwiý wulkanynyň astynda galýar. Miladydan 6 asyr öň esaslandyrylan Italiýanyň çäklerindäki gadymy şäher Pompeiniň galyndylary häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir. 1748-nji ýylda başlan gazuw-agtaryş işleri häzirki günlere çenli dowam edip, şäheriň syrlarynyň 80 göterime golaýynyň üsti açyldy.