Yn­sa­nyň kä­mil­li­gi­niň göz­ba­şy ki­tap­­dyr. Yn­san ki­tap bi­len nä­çe köp wer­ziş bol­sa şon­ça-da onuň dün­ýä­ga­raý­şy gi­ňe­ýär, dur­muş jo­gap­kär­çi­li­gi art­ýar. Şah­sy­ýe­tiň jem­gy­ýe­tiň aý­ryl­maz bö­le­gi­di­gin­den ugur al­sak, jem­gy­ýe­tiň kä­mil­leş­me­gi-de ki­tap­lar bi­len ýa­kyn­dan bag­ly­dyr. Ne­sil­le­ri­mi­zi ter­bi­ýe­leý­ji söz baý­lygy­myz bo­lan ata­lar söz­le­rin­de we na­kyl­lar­da-da ki­tap bi­len bag­ly dür­dä­ne söz­le­riň bol­ma­gy aý­dy­lan­la­ry tas­syk­la­ýar. «Ki­tap ge­çe­ni, gel­je­gi öw­red­ýän da­na», «Ki­tap eneň-ataň ýa­ly ter­bi­ýe­çi­dir», «Ki­tap okan mag­ny­dan dok­dur» ýa­ly ata­lar söz­le­ri­dir na­kyl­lar türk­men jem­gy­ýe­tin­de ki­ta­ba go­ýul­ýan hor­ma­tyň ju­da ga­dym­dan gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Hal­ky­myz ki­tap di­ýil­ýän gym­mat­ly­gy jem­gy­ýe­te ýe­tir­ýän, yl­my dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan yn­san­la­ryň sar­pa­sy­ny be­lent­den tut­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan hä­zir­ki za­man türk­men jem­gy­ýe­ti­niň röw­şen gel­je­gi­ne ýol-ýö­rel­ge bol­jak, paý­has gö­nez­li­gi­ne öw­rül­jek aja­ýyp eser­le­ri peş­geş ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yl­my we çe­per dö­re­di­ji­li­gi hal­ky­my­zyň ýan ki­tap­la­ry­na öw­rül­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­dy­my­ýet­den bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li adam­za­dyň dur­muş tej­ri­be­si­ne kä­mil ga­raý­şy be­ýan ed­ýän, maz­mun taý­dan baý «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly aja­ýyp ese­ri giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi bi­len bir ha­tar­da bi­lim iş­gär­le­ri üçin hem gym­mat­ly gol­lan­ma­dyr. Ýaş­la­ry­my­zy mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek­de bi­ziň ýan ki­ta­by­my­za öw­rü­len bu aja­ýyp eser türk­men ýa­şaý­şy­nyň ebe­di­li­gi, ylym we bi­li­miň dur­mu­şy äh­mi­ýe­ti, sag­ly­gyň abat­ly­gyň gi­re­wi­di­gi we zäh­met­sö­ýer­li­giň gaý­rat­ly­ly­gyň göz­ba­şy­dy­gy, ag­zy­bir­li­giň bol­sa äh­li şow­ly baş­lan­gyç­la­ryň se­re­si­di­gi ba­ra­da­ky çuň­ňur pel­se­pe­wi nuk­daý­na­za­ry özün­de jem­le­ýän, şol bir wag­tyň özün­de-de jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na ob­ýek­tiw sel­jer­me ber­ýän gym­mat­lyk­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ese­rin­de nyg­taý­şy ýa­ly, halk ara­syn­da on iki sy­na­nyň abat­ly­gy di­ýen dü­şün­je dur­muş ba­ra­da­ky umu­my baş­gan­çak­la­ra dü­şün­me­giň il­kin­ji mö­hüm şer­ti­dir. Ba­şyň aman­ly­gy, on iki süňňüň abat­ly­gy ýa­şaý­şyň hö­zi­ri­ni duý­ma­gyň üçin ge­rek­dir. Aja­ýyp ese­riň on iki bö­lüm­den yba­rat bol­ma­gynyň halk ara­syn­da giň­den ýaý­ran on iki süň­ňüň abat­ly­gy ba­ra­da­ky aýt­gy bi­len ýa­kyn­dan bag­ly­ly­gy ýe­ri­ne dü­şen bag­la­nyşyk­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ata Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ada­myň bag­ty­ýar­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len ta­ry­hy äh­mi­ýet­li iş­le­re buý­san­mak we ola­ra gu­wan­mak be­lent mer­te­be­dir. Bu buý­sanç we gu­wanç yn­san­da Wa­ta­na we hal­ka bo­lan çäk­siz söý­gi­ni art­dyr­ýar. Wa­ta­na bo­lan söý­gi bol­sa ag­zy­bir­li­giň we je­bis­li­giň mi­ze­mez sü­tü­ni­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­sin­de» «Um­man ýa­ly ru­hy we mad­dy baý­ly­gyň eýe­si bo­lan il-hal­kym bagt­ly­dyr. Onuň er­ti­ri­niň aba­dan­ly­gy­nyň bin­ýa­dy­ny gur­mak­da, goý, bi­ze ro­waç­lyk ýa­ran bol­sun» di­ýen söz­le­ri döw­rü­mi­ziň döw­let­li tu­tum­la­ry­nyň baş­lan­gy­jy bo­lup, za­ma­na­my­za ýaň sal­ýar.
Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras bo­lup ga­lan ýe­di­lik­ler ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aja­ýyp ese­rin­de öz my­na­syp or­nu­ny tap­ýar. Olar: Tä­ze do­gan Gün. Tä­ze do­gan Aý. Tä­ze dün­ýä inen ça­ga. Tä­ze edi­ni­len ge­lin. Ha­lal ga­za­ny­lan ga­zanç, ser­paý. Tam­dyr­dan çy­kan çö­rek. Toý­da ber­len ýag­lyk, paý.
«Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly eser­de zäh­me­tiň peý­da­sy­nyň hal­ky­my­zyň san­la­ra bo­lan ga­raý­şyn­da – üç­lük­ler­de, ýe­di­lik­ler­de hem be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy aý­dyl­ýar. Şo­lar­dan kä­bir­le­ri.

Ýag­şy ýi­git bol­ma­gyň ýe­di şer­ti:
Mer­di-mer­da­na­lyk.
Gaý­rat­ly­lyk.
Sa­da­lyk-pa­ra­sat­ly­lyk.
Sa­ly­hat­ly­lyk.
Zäh­met­sö­ýer­lik.
Paý­has­ly­lyk.
Na­mys­jaň­lyk.
Şu aşak­da­ky ýe­di när­sä­ni
ba­şa­ran ki­şi ýal­ňyş­ma­zak bo­lar:
Ulu­sy­ny sy­lan;
Het­di­ni ta­nan;
Köp bi­lim alan;
Zäh­me­ti sö­ýen;
Il al­ky­şy­ny alan;
Mä­re­ke­de az söz­län;
Eji­zi gol­dan.

Şu aşak­da­ky üç zat ada­myň
öm­rü­ni uzald­ýar:
Ha­lal zäh­met çek­mek;
Köp ýat­maz­lyk;
Ýa­ra­maz en­dik­ler­den daş­da dur­mak.

Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si diý­mek hal­ky­my­zyň geç­miş, hä­zir­ki dö­wür we gel­jek bi­len mi­ze­mez ara­bag­la­ny­şygy diý­mek­dir. Asyr­lar­bo­ýy döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip döw­let ta­pan hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň da­şy­na berk je­bis­le­şip ke­mal tap­ma­gy ýö­ne ýer­den däl­dir. Çün­ki hormatly Prezidentimiziň paý­has ýö­rel­ge­le­ri Türk­me­nis­ta­ny se­bit­de we dün­ýä­de iň ab­raý­ly we yg­ty­bar­ly döw­le­te öwür­ýär.
Özü­ni süýt bil­ýän, dos­tu­ny gaý­ma­ga de­ňe­ýän türk­men­ler­de myh­man­sö­ýer­lik, myh­ma­na ýo­ka­ry hor­mat­ly­lyk ta­ry­hyň dür­li dö­wür­le­rin­de-de, bi­ziň hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de-de özü­niň äh­mi­ýe­ti­ni bir­jik-de ýi­tir­män gel­ýär. «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly eser­de jaý­dar bel­le­ni­lip ge­çi­l­şi ýa­ly, hal­ky­my­zyň toý däp-des­sur­la­ry myh­man­sö­ýer­lik, açyk­gö­wün­li­lik, sa­ha­wat­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýar, rys­gal­ly-döw­let­li ýa­şaý­şyň bin­ýa­dy­nyň hut şol hä­si­ýet­ler­de­di­gi­ni açyp gör­kez­ýär.

Nur­mu­ham­met Sü­leý­man­ly,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag
kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.