Angliýaly hünärmenler sany azalyp barýan jandarlaryň biri hasaplanýan Afrika pillerini emeli hemralar arkaly yzarlaýan algoritmi işläp taýýarladylar. Emeli hemralardan alynýan şekiller arkaly pilleriň nirededigi we sanlary anyklanar. Bu jandarlaryň göwresi hernäçe uly hem bolsa, emeli hemralar arkaly olary görmek aňsat däl. Emma sanynyň azalmagynyň öňüni almak üçin bu jandarlaryň ýaşaýan ýerleri düýpli öwrenilmegi talap edýär. Şol sebäpli hünärmenleri pilleri anyklaýan usuly işläp taýýarladylar. Oksford we Bäth uniwersitetiniň alymlar toparynyň işläp taýýarlan usuly diňe pilleri däl, eýsem, beýleki iri haýwanlary hem anyklaýar. Bu algoritm pil sürüsiniň näçe agzasynyň bardygyny hem anyklamaga kömek edýär. Mundan ozal NASA-nyň hünärmenleri Antarktidaky ylym dünýäsine mälim bolmadyk pingwin sürüsiniň üstüni açypdy. Bu usul şoňa meňzeş hem bolsa, agaçlaryň arasynda gezýän pilleri tapmak buzlugyň üstündäki pingwinleri tapmakdan has kyn. Şeýle-de bolsa, täze algoritm gür tokaýlaryň arasyndaky uly haýwanlary anyklamaga ýardam edýär. Häzirki wagtda Afrika pilleriniň 40 – 50 müň sanysynyň bardygy aýdylýar. Täze usul pilleriň sanyny köpeltmäge ýardam eder.