Ajyk­saň – ço­pan ýa­ny­na bar,
suw­sa­saň – daý­han ýa­ny­na.

Türk­men hal­ky eke­ran­çy­lyk we mal­dar­çy­lyk bi­len has ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri meş­gul­lan­ýar. Pe­der­le­ri­miz ekin ek­me­giň, mal bak­ma­gyň in­çe syr­la­ry­ny ne­sil­den nes­le mi­ras gal­dy­ryp­dyr.
Hal­ky­my­zyň ge­len myh­ma­na sö­wüş et­mek ýa­ly myh­man­sö­ýer dä­bi bar (sö­wüş et­mek – ge­len myh­ma­nyň hor­ma­ty­na mal – jan­ly soý­mak, hez­zet-hor­mat et­mek). «Ajyk­saň, ço­pan ýa­ny­na bar» di­ýil­ýä­ni hem şon­dan. Ço­pan go­şun­dan azyk-ow­kat he­mi­şe tap­dy­rýar.
«Suw­sa­saň, daý­han ýa­ny­na bar» di­ýil­ýä­ni­niň se­bä­bi, daý­ha­nyň go­la­ýyn­da hök­man suw bar­dyr. Suw bol­ma­dyk ýer­de ekin ekil­mez.

Bu asyl­ly kär­le­re de­giş­li mi­ras ga­lan baş­ga-da birnäçe pä­him­ bar:

• Mal eýe­si­niň gö­zün­den suw içer.
• Ak iner çök­me­se, boz ma­ýa gaý­maz.
• Dü­ýe gar­ra­sa, kö­şe­gi­ne eýe­rer.
• Ma­lym – ja­nym.
• Mal baý­ly­gy – bir gyş­lyk,
ýer baý­ly­gy – ömür­lik.
• Ýe­ri güýz sür, güýz sür­me­seň, ýüz sür.
• To­mus de­pe­si gaý­na­ma­dy­gyň
gyş ga­za­ny gaý­na­maz.