Äh­li döw­let­ler­de, äh­li dö­wür­ler­de paý­tagt diý­lip yk­rar edi­len şä­her şol döw­le­tiň ýü­re­gi ha­sap­lan­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, paý­tag­tyň beý­le­ki şä­her­ler­den has üýt­ge­şik, has gö­zel bol­ma­ly­dy­gy öz-özün­den düş­nük­li zat. Paý­tagt ýur­duň sy­ýa­sy gur­lu­şy­nyň, yk­dy­sa­dy ins­ti­tut­la­ry­nyň, me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň, yl­my we in­tel­lek­tu­al baý­lyk­la­ry­nyň äh­li ala­mat­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän şä­her­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat şä­he­ri Kö­pet­da­gyň dag ge­riş­le­ri­niň we Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň ara­ly­gyn­da­ky düz­lük­de ýer­leş­ýär. Aş­ga­ba­dyň we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň hem­me­si­ne di­ýen ýa­ly deň ara­lyk­da ýer­leş­me­gi onuň bel­läp geç­me­li esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Şä­he­riň amat­ly ýer­de ýer­leş­me­gi, de­mir­ýol ara­gat­na­şy­gy­nyň ir ýo­la go­ýul­ma­gy onuň di­ňe bir esa­sy do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­ne däl-de, eý­sem, Türk­me­nis­ta­nyň iri söw­da-se­na­gat mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­ren ýag­daý­lar­dyr.
Aş­ga­bat suw çüw­dü­rim­le­riň, ýa­şyl bag­la­ryň, al-el­wan gül­le­riň me­ka­ny bo­lup, dost-do­gan­ly­gyň şä­he­ri­dir.
Ber­ka­rar­ly­gyň, bag­ty­ýar­ly­gyň, gül­läp ösüş­le­riň, dö­re­di­ji­li­giň, döw­let­li­li­giň, aý­dym-saz­la­ryň şä­he­ri bo­lan Aş­ga­bat hal­ky­my­zyň buý­san­jy, gu­wan­jy. Aş­ga­bat ak ar­zuw­la­ryň, ýag­şy umyt­la­ryň şä­he­ri. Aş­ga­bat – Or­ta Azi­ýa­nyň mer­je­ni, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji mer­ke­zi­dir.
Aş­ga­bat bat­ly dep­gin­ler bi­len ös­ýän hä­zir­ki za­man şä­he­ri bo­lup, se­bi­tiň iri işe­wür­lik, me­de­ni we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mer­ke­zi hök­mün­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­di. Paý­tag­ty­myz­da her ýyl sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, ylym-bi­lim, gu­ma­ni­tar-me­de­ni, sy­ýa­hat­çy­lyk we sport ul­ga­myn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len hal­ka­ra yl­my mas­la­hat­lar, ser­gi­ler, fes­ti­wal­lar, sport ýa­ryş­la­ry we beý­le­ki çä­re­ler ge­çi­ril­ýär.
Paý­tag­ty­myz äh­li ra­ýat­la­ry­my­zyň iň söý­gü­li şä­he­ri. Biz paý­tag­ty­my­zy «Aş­ga­ba­dym – gö­wün şa­dym» di­ýip söý­ýä­ris. Bu söý­gi ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­la­ny­myz­dan soň has-da güý­je­di. Aş­ga­bat bi­ziň üçin döw­le­tiň paý­tagt şä­he­ri di­ýen dü­şün­je­den has ýo­kar­da. Bi­ziň gö­zel paý­tag­ty­myz hal­ky­my­zyň geç­mi­şi­dir, şu gü­nü­dir, gel­je­gi­dir. Aş­ga­bat­ly­la­ryň hem­me­si­ne şu gün­ler hem mah­sus bo­lan giň­gö­wün­li­lik, akyl-paý­has­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge sy­lag-hor­mat go­ýup, şä­he­riň çä­gin­de ag­zy­bir ýa­şap bil­mek uky­by paý­tag­ty­my­zyň geç­miş bi­len gel­je­gi bag­la­nyş­dy­ryp otu­ran şä­her­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Dür­li pi­kir­li, di­li hem däp-des­sur­la­ry aý­ry-aý­ry bo­lan adam­lar paý­tag­ty­my­zyň çä­gin­de do­gan ýa­ly bo­lup ag­zy­bir ýa­şa­ýar­lar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de bu hä­si­ýet­ler ulu­dan-ki­çä, ata­dan-og­la ge­çip do­wam et­di­ril­ýär. Aş­ga­ba­dyň çar ta­ra­pyn­da be­ýik-be­ýik me­de­ni­ýet­le­riň bo­lan­dy­gy­ny su­but ed­ýän ta­ry­hy şä­her­le­riň ga­lyn­dy­la­ry ba­ky ju­wan gö­rün­ýän şä­he­ri­mi­ziň ju­da uly ta­ry­hy ýo­lu­nyň bo­lan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär.

Nu­ryl­la Pi­şi­ýew,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.