Parlament saýlawlary geçiriler. Bolgariýada geçiriljek Parlament saýlawlaryna 31 partiýa we 8 bileleşik gatnaşar. Bu barada Merkezi saýlaw toparynyň resmi wekili Dimitr Dimitrow Bolgariýanyň Milli telewideniýesinde bolan söhbetdeşliginde aýtdy. Resmi saýlaw kampaniýasy Bolgariýada 5-nji martda başlar we 2-nji aprelde tamamlanar. Ses bermek 4-nji aprelde geçiriler. Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly arassaçylyk çäreleri berjaý ediler we saýlaw toparynyň işgärlerine sanjym teklip ediler.
Täze hökümeti tassyklady. Gruziýanyň Parlamenti Irakli Garibaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady. «Ses berlişikde Parlament täze hökümete ynam bildirdi» diýip, Parlamentiň sözçüsi Arçil Talakwadze aýtdy. Prezident Salome Zurabişwili ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, 2013-2015-nji ýyllarda Premýer-ministr bolup işlän Irakli Garibaşwilini hökümet başlygy wezipesine belledi. 18-nji fewralda Premýer-ministr Georgiý Gahariýa işinden çekilenden soň, bu wezipe boş durdy.
Guramaçylyk komitetiniň täze başlygy. «Tokio 2020» tomusky Olimpiýa oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň täze başlygy wezipesine öňki ministr Seiko Haşimoto bellendi. 56 ýaşly Haşimoto birnäçe Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan zenan türgenleriň biridir. Ol häzirki wagtda konki birleşigine ýolbaşçylyk edýär. Seiko Haşimoto syýasy karýerasy bilen hem giňden tanalyp, Ýaponiýanyň Geňeşler palatasynyň agzasy, 2019-njy ýyldan bäri bolsa häzirki hökümetde gender deňligi ministri boldy.
Ýene-de Ilon Mask birinji. «Tesla Inc.»-iň başlygynyň baýlygy «SpaceX»-i maliýeleşdirmegiň ýene bir tapgyry tamamlanandan soň 199,9 milliard dollara baryp ýetdi. Indi Ilon Mask şu ýylyň başyndan bäri eýýäm ikinji gezek «Bloomberg»-iň milliarderler sanawynyň başyny çekýär. Ondan öň «Amazon» kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos, «Tesla»-nyň paýnamalarynyň azalmagy bilen, gysga wagtyň içinde dünýäniň iň baý adamy diýen ada eýe boldy. Jeff Bezosyň baýlygy 194,2 milliard dollara deň.
Bill Geýts maslahat berdi. Bill Geýts dünýä senagatynyň gazylyp alynýan energiýa serişdelerinden ýüz öwürmeli däldigini, sebäbi Gün we ýel ýaly alternatiw çeşmeleriň elektrige bolan global zerurlygy kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däldigini aýtdy. Ol «2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylary diňe bir azaldylman, eýsem, nola çenli pese düşürilmelidir» diýip belledi. Howa goýberilýän zyýanly gazlaryň esasy zyňyndylary kömrüň, nebitiň we gazyň ýanmagyna esaslanýan energiýa bilen baglanyşyklydyr.
Çerçilliň çeken suraty satylýar. Amerikaly aktrisa Anjelina Joli Winston Çerçilliň çeken suratyny satýar. Ol bu suraty 2011-nji ýylda sowgat hökmünde alypdyr. Bu Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Ikinji jahan urşy ýyllarynda çeken ýeke-täk suratydyr. «Al-Koutoubiýa metjidiniň diňi» atly bu surat 1943-nji ýylda Marrakeşde çekilipdir. Çerçill bu suraty ABŞ-nyň Prezidenti Franklin Ruzwelte sowgat edýär. Winston Çerçill ömründe 500-den gowrak surat çekdi. Söwda 1-nji martda «Christie’s» auksion öýünde geçirilip, suratyň bahasy 2,8 million ýewro deňdir.
Gaz geçiriji gurlar. Ysraýyl bilen Müsür 21-nji fewralda täze gaz geçirijisini gurmak baradaky ylalaşyga gol çekdiler. Bu ylalaşyk Ysraýylyň energiýa ministri Ýuwal Staýnis bilen Müsüriň nebit we mineral serişdeler ministri Tarik al-Mullanyň arasynda geçirilen duşuşykda gazanyldy. Resminamada Ortaýer deňzi Lewiathan ýatagyndan öndürilen gazyň Müsüriň suwuklandyryş zawodlaryna beriljekdigi aýdylýar. Taslama Ýewropa gaz eksportyny artdyrmaga gönükdirilendir. 2010-njy ýylda tapylan bu ýatakda 535 milliard kub metr gaz bardygy çaklanylýar.
Niagara şarlawugy doňdy. ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli Niagara şarlawugy bölekleýin doňdy. Doňup galan akymlar wagtal-wagtal ala-zenzele bolup, aşaklygyna gaýdýan buz böleklerine öwrüldi. Oňa tomaşa etmek üçin goňşy ştatlardan we Kanadadan müňlerçe syýahatçy gelýär. Esasan hem, myhmanlary gümmürdeýän buzly akymlaryň üstünde emele gelen älemgoşar haýran galdyrýar. Bu sebitde howanyň sowuklygy -10 derejä çenli düşdi. Şarlawuk birnäçe ýyldan bir gezek doňýar. Soňky 170 ýylda suw akymy diňe üç gezek doly togtady.