Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda maýa goýum işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetine iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek hormatly Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizde başyny başlan düýpli özgertmeleri netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna düýpli maýa goýumlar goýulýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, önümçilik, durmuş, medeni we üpjünçilik ulgamy maksatly desgalaryň we binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi gurlup ulanylmaga berilýär. Bu ýagdaýlar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän wajyp görkezijiler bolup çykyş edýärler.
Maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagynyň baş maksady Türkmenistanyň ykdysady, ylmy-tehniki we durmuş syýasatyny has ilerletmekden we üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr hem-de ýurdumyz üçin möhüm hasaplanylýan ugurlara iri maýa goýumlaryny gönükdirýän islendik maýadarlar üçin amatly ýeňillikleri döretmegi göz öňünde tutýar. Milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny häsiýetlendirýän maýa goýumlar ykdysadyýetiň ygtybarly ösüşiniň kepili bolup, oňa hukuk taýdan gözegçiligi alyp barmak maksady bilen, döwletiň ileri tutýan ugurlarynda maýa goýum işini amala aşyrýan her bir maýa goýujy üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda maýa goýumlary ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, doly we netijeli peýdalanmaga, häzirki zaman iň kämil, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga we ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirmek çäreleri dowam etdirilýär.
Häzirki günde biziň ýurdumyz geljekki uzak ýyllarda Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply, giň möçberli özgertmeleri işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär. Ýurtda ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak boýunça täze wezipeler öňe sürülýär, olar häzirki zaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga, innowasion önümçilik gurluşlaryny döretmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge esaslandyrylandyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde daşary ýurtly maýadarlaryň paýy ýokarlanýar, bu bolsa daşary ýurtly işewürler Türkmenistana we onuň ykdysady durnuklylygyna ynamynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň durnukly syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýy, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, tebigy çig mallaryň gory, şeýle hem maýa goýumlaryň ygtybarlylygyny kepillendirýän halkara talaplara laýyk gelýän hukuk ulgamy türkmen bazaryna maýa goýumyň barha köp çekilmeginiň esasy bolup durýar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde özüniň milli bähbitlerini ikitaraplaýyn baglaşylýan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň esasynda halkara ykdysady hyzmatdaşlyklaryň düzgünlerine laýyklykda gorap saklaýar.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki zaman ýagdaýy hormatly Prezidentimiz tarapyndan saýlanyp alnan Türkmenistanyň durmuş taýdan göz öňünde tutulan bazar ykdysadyýetiniň nusgasy we ýurdumyzy durnukly ösdürmek babatynda alyp barýan giň möçberli beýik işleri ýokary depginli senagatlaşdyrmak we innowasion syýasaty utgaşykly alyp barmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda durmuş taýdan göz öňünde tutulan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň berk binýady döredilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan geljekki uzakmöhletleýin döwürde durnukly ösüşiň berk binýadyny döredýän ählitaraplaýyn özgertmeleriň amala aşyrylýan tapgyryndadyr. Ýurduň ykdysady ösüş modelinde maýa goýumlar barha işjeňleşdirilýär onuň durmuşa degişli ugurlary berkidilýär. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan ykdysady syýasat ýurduň ösüşine degişli hemmetaraplaýyn mümkinçiliklerden peýdalanylmagyna, ýurduň dünýä bileleşigine dolulygyna goşulyşmagyna, bäsleşige ukyply, has ýokary talaplara laýyk gelýän we ýurduň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün edýän döwrebap sanly ykdysadyýetiň döredilmegine esaslanýar.
Jemal Kasymowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.