– Hal­ka­ra pul gaz­na­sy 2021-2022-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky glo­bal yk­dy­sa­dy ösüş ba­ra­da­ky çak­la­ma­sy­ny go­wu­lan­dyr­ýar, ýö­ne ma­li­ýe ýag­da­ýy nä­bel­li­li­gi­ne gal­ýar – di­ýip, Hal­ka­ra pul gaz­na­sy­nyň baş­ly­gy Kris­ta­li­na Ge­or­gi­ýe­wa aýt­dy. Onuň pi­ki­ri­çe, hö­kü­met­ler dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we onuň yk­dy­sa­dy tä­si­ri­ni azalt­mak mak­sa­dy bi­len, tak­my­nan, 16 tril­li­on dol­lar sarp eden­den soň, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti özü­ni has-da ynam­ly du­ýup baş­la­dy. Şol bir wag­tyň özün­de se­bit­ler­de we ýurt­lar­da köp san­ly gör­ke­zi­ji­ler gö­ze il­ýär. HPG-niň baş­ly­gy dün­ýä ýurt­la­ry­ny yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni tä­ze­den gur­mak, önüm­çi­li­gi gi­ňelt­mek, san­jym­la­ry paý­la­mak we tä­ze ýa­şyl teh­no­lo­gi­ýa­la­ra we san­ly inf­rast­ruk­tu­ra­la­ra ma­ýa goý­mak üçin ba­tyr­gaý çä­re­le­ri gör­mä­ge ça­gyr­dy. Ol sö­zü­niň do­wa­myn­da:
– Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar şu gün­ki nes­liň dur­mu­şyn­da uly sy­nag­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ama­la aşyr­ýan iş­le­ri­miz, yk­dy­sa­dy çök­gün­lik­den soň dün­ýä­niň nä­hi­li bol­jak­dy­gy­ny kes­git­lär – di­ýip, bel­le­di.
Kris­ta­li­na Ge­or­gi­ýe­wa ýan­war­da eden çak­la­ma­la­ry­ny ös­dü­rip, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­niň 2021-nji ýyl­da 5,5% bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Ge­çen ýyl bu gör­ke­zi­ji 3,5%-e deň bo­lup­dy. Öz­ge­riş­lik ABŞ-da býu­jet çyk­da­jy­la­ry­nyň art­ma­gy we beý­le­ki ösen ýurt­lar­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­kelt­me­giň gel­je­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly. Bol­ga­ri­ýa­ly yk­dy­sat­çy ABŞ-nyň we Hy­ta­ýyň di­kel­di­şiň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri bo­lan­dy­gy­ny aýt­dy.
HPG eý­ýäm 85 ýur­da 107 mil­liard dol­lar­dan gow­rak goş­ma­ça ma­li­ýe gol­da­wy­ny ber­di we 29 ýurt üçin karz hyz­mat şert­le­ri­ni ýe­ňil­leş­dir­di. Kris­ta­li­na Ge­or­gi­ýe­wa­nyň pi­ki­ri­çe, Sa­ha­ra­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky Af­ri­ka­da HPG-niň ma­li­ýe­leş­dir­me­gi­niň möç­be­ri soň­ky 10 ýyl­da or­ta­ça ýyl­lyk de­re­jä ga­ra­nyň­da, 13 es­se ýo­kar­lan­dy. Şeý­le-de bol­sa pes gir­de­ji­li ýurt­la­ryň has köp kö­me­ge mä­täç­di­gi­ni aýt­dy.
ABŞ-nyň ynam­ly ösü­şi söw­da­nyň möç­be­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň ha­sa­by­na köp ýurt­la­ra kö­mek edip bi­ler, bu bol­sa ma­li­ýe şert­le­ri­ni has-da güýç­len­di­rip, ös­ýän ýurt­lar­dan düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­na se­bäp bo­lup bi­ler. Kris­ta­li­na Ge­or­gi­ýe­wa hä­ki­mi­ýet­le­ri ma­li­ýe tö­wek­gel­çi­lik­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik et­mek, ýurduň içinde we da­şa­ry ýurt­lar­da aşa ma­li­ýe dur­nuk­syz­ly­gy­nyň öňü­ni al­mak maksady bilen çä­re­le­ri gör­mä­ge ça­gyr­dy. Şeý­le hem, ki­çi we or­ta kär­ha­na­la­ryň goş­ma­ça gol­da­wa mä­täç­di­gi­ni bel­le­di.