Fran­suz ýa­zy­jy­sy Žan-Klod Mur­le­wa 2021-nji ýy­lyň Ast­rid Lindg­ren baý­ra­gy­na eýe bol­dy. Bu ba­ra­da baý­ra­gyň res­mi web sa­hy­pa­syn­da mä­lim edil­ýär. «Ast­rid Lindg­ren Me­mo­ri­al Award» baý­ra­gy ça­ga­la­ra we ýet­gin­jek­le­re ni­ýet­le­nen ede­bi­ýat­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler üçin be­ril­ýär. Žan-Klod Mur­le­wa er­te­ki­ler žan­ryn­da aja­ýyp tä­ze­lik­çi hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar.
– Onuň kys­sa dün­ýä­sin­de söý­gi, gus­sa, gö­reş ýa­ly ba­ky mow­zuk­lar aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Mur­lewanyň yzy­gi­der­li geň gal­dyr­ýan dö­re­di­ji­li­gi ese­riň ga­dy­my dün­ýä­si­ni hä­zir­ki za­man ha­ky­ka­ty bi­len ut­gaş­dyr­ýar – di­ýip, emin ag­za­la­ry­nyň be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­ýär.
Žan-Klod Mur­le­wa 1952-nji ýyl­da do­gul­ýar, pe­da­go­gik bi­lim al­ýar we kol­lej­de ne­mes di­li mu­gal­ly­my bo­lup iş­le­ýär. 1986-njy ýyl­da ýa­zy­jy bol­mak ka­ra­ry­na gel­ip, ça­ga­lar üçin mo­nos­pek­takl çy­kyş­la­ry dö­ret­mä­ge baş­la­ýar. 1997-nji ýyl­da onuň «Ça­ga­nyň we ýu­murt­ga­nyň he­ka­ýa­sy» at­ly il­kin­ji ki­ta­by ne­şir edil­di. Umu­man ala­nyň­da, Mur­le­wa er­te­ki, tym­sal we fen­te­zi ýa­ly žanr­lar­da dün­ýä­niň dür­li dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­len 20-den gow­rak ese­riň aw­ro­ry­dyr.
Bu ýyl baý­rak üçin 69 ýurt­dan 263 da­laş­gär hö­dür­len­di. Bu baý­rak Ast­rid Lindg­ren ara­dan çy­kan­dan soň 2002-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da Şwe­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. Pul baý­ra­gy­nyň muk­da­ry bäş mil­li­on şwed kro­ny (tak­my­nan 578 müň ýew­ro). Bu ýyl baý­rak 31-nji maý­da on­laýn ýag­daý­da gow­şu­ry­lar. Ge­çen ýyl ko­reý ýa­zy­jy­sy we su­rat­ke­şi Bek Hi­na bu baý­ra­ga my­na­syp bo­lup­dy.