2019-njy ýylda Antarktida ýagan garyň mukdary artypdyr. Muňa meteorologiýada «atmosferik derýa» diýlip atlandyrylýan howa akymy sebäp bolupdyr. Antarktida tutuşlygyna diýen ýaly buzlar bilen örtülip, onuň köp ýerine hiç hili ygal düşmeýär. Şeýle-de bolsa materigiň köp ýeriniň buz gatlagynyň üsti gar bilen doldurylýar. NASA-nyň «ICESat-2» atly emeli hemrasy 2018-nji ýyldan bäri Antarktidadaky buz derejesini yzarlamak üçin peýdalanylýar. Bu ýerdäki buzuň galyňlygy emeli hemra arkaly iberilen şöhläniň yzyna serpigýän wagty hasaplanyp ölçenýär. ABŞ-nyň Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri emeli hemralar arkaly toplanan maglumatlary seljerip, 2019-njy ýylyň aprel-iýun aralygynda buzuň galňandygyny anyklapdyrlar. Kompýuter modelleri ulanmak arkaly geçirilen barlagda Günbatar Antarktidadaky buzuň galňamagynyň 41 göteriminiň gysga wagtda köp mukdarda gar ýagmagy bilen baglydygy ýüze çykarylypdyr. Ýagan garyň 63 göterimi bolsa bu materige çygly howany alyp barýan «atmosferik derýalar» sebäpli ýagypdyr. Howadaky insiz «dälizler» arkaly köp mukdarda çyglylygy daşaýan howa akymyna «atmosferik derýa» diýilýär. Häzire çenli geçirilen barlaglaryň netijesinde ähli materikleriň günbatar tarapyna düşen ygalyň bu hadysa sebäplidigi ýüze çykaryldy. Ummanlardaky bugaran suw bu howa akymy bilen uzak ýol geçip, gury ýerlere ýagýar.