Sy­ýa­hat­çy­lyk möw­sü­miniň ýa­kyn­lap gel­ýän häzirki döwründe has ys­sy ýurt­lar eý­ýäm il­kin­ji myh­man­la­ry­ny ka­bul edip baş­la­dy. De­ňiz ke­nar­la­ry dynç al­mak is­le­ýän­le­riň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li de­ňiz ýa­ka­syn­da­ky sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­rin­de dür­li ýaş­da­ky adam­lar üçin güý­men­je, dynç alyş-sa­gal­dyş mer­kez­le­ri gu­rul­ýar. Ja­han­keş­de­le­ri özü­ne çek­ýän zat­la­ryň bi­ri hem su­was­ty myh­man­ha­na­lar­dyr. Şeý­le myh­man­ha­na­la­ryň bi­ri 2012-nji ýyl­da Fi­ji­dä­ki Ka­ta­fan­ga ada­syn­da açyl­dy. «Po­sei­don Un­der­sea Re­sort» at­ly bäş ýyl­dyz­ly myh­man­ha­na su­wuň 12 metr aşa­gyn­da ýer­leş­ýär. Tä­sin myh­man­ha­na­da res­to­ran, dü­kan, suw-sport mer­ke­zi, tür­gen­le­şik za­ly, toý da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mek üçin ki­çeň­räk zal, golf we ten­nis meý­dan­ça­la­ry bar. Ýa­tyl­ýan otag­la­ryň pen­ji­re­le­rin­den haý­ran gal­dy­ry­jy um­man gö­zel­li­gi­ni syn­la­mak bol­ýar. Otag­lar kap­su­la gor­nü­şin­de bo­lup, olar uzyn dälize bir­leş­di­ri­l­ipdir. Bu ýe­re ge­len myh­man­lar su­was­ty gö­zel­lik­le­ri­ni hem-de haý­ran gal­dy­ry­jy reňk­li mer­jen ga­ýa­ly­kla­ry­ny syn­la­mak­dan lez­zet alyp bi­ler­ler. Myh­man­ha­na­nyň ýer­leş­ýän ýe­riniň ekoulgamy baý bolansoň, bu ýer­de dür­li reňk­li ba­lyk­lar bi­len bir ha­tar­da beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ryny gö­rüp bol­ýar. Şeý­le hem su­wuň aşa­gyn­da he­re­ket ed­ýän ýö­ri­te su­was­ty ulag hem bar. Bu ýe­riň myh­man­la­ry üçin su­was­ty aw­to­bus ar­ka­ly deň­ziň aşa­gyn­da ge­ze­lenç hem gu­ral­ýar.

Nabat GARRYÝEWA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mugallymy.