Ala­ja­gap­laň­lar ýur­du­myz­da seý­rek duş gel­ýän ýyr­ty­jy haý­wan­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Pi­şik­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan bu jan­dar­la­ryň be­den­le­ri­niň uzyn­ly­gy 1,30-1,80 san­ti­metre, guý­ruk­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 1,20 san­ti­met­re ýet­ýär. Ala­ja­gap­laň­la­ryň be­de­ni süýn­mek, çe­ýe, aýak­la­ry uzyn bol­ýar. Öň aýak­la­ry ber­daş­ly we ýaý­baň pen­je­li, sü­tü­gi gy­tyk, ga­ra ýa-da go­ňur­rak hal­ka gör­nüş­li teg­mil­li agym­tyl-ça­lym­tyl reňk­li bol­ýar.
Bu jan­dar­lar, esa­san, giň de­re­ler­de, seý­rek ar­ça­lyk­lar­da we pes dag­lyk ýer­ler­de, Gü­nor­ta-gün­ba­tar Kö­pet­dag­da, Bat­hyz­da, Ýe­ro­ýu­lan duz çö­ket­li­gi­niň çüňk­le­rin­de Gy­zyl­jar­da we pis­se­lik­ler­de ýa­şa­p, XX asy­ryň 80-nji ýyl­la­ryn­da 130-150 sa­ny­sy­nyň, 1990-njy ýyl­lar­da bol­sa 78-90 sa­ny­sy­nyň ga­lan­dy­gy anyk­lan­dy.
2000-nji ýyl­la­ryň ba­şyn­da dur­nuk­laş­ýan ýag­da­ýy anyk­la­nyp, soň­ky ýyl­lar­da Mer­ke­zi we Gün­do­gar Köý­ten­dag­da 30-dan gow­ra­gy­nyň, Bat­hyz döw­let go­rag­ha­na­syn­da 16-sy­nyň bar­dy­gy ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le hem bu jan­dar­lar Uly we Ki­çi Bal­kan dag­la­ryn­da, Et­rek ýaý­la­la­ryn­da ga­bat gel­ýär. Bu jan­dar­lar, esa­san, ýa­ba­ny toý­nak­ly­lar we ok­lu­kir­pi bi­len iý­mit­len­ýär­ler.
Ala­ja­gap­laň­lar ýur­du­myz­dan baş­ga-da Öz­be­gis­tan, Tä­ji­gis­tan, Er­me­nis­tan, Azer­baý­jan, Gru­zi­ýa, Rus­si­ýa, Eý­ran we Ow­ga­nys­tan ýa­ly ýurt­la­ryň çäk­le­rin­de hem duş gelýär. Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­nyň 1985-1999-njy ýyl­lar­da­ky sa­na­wy­na al­nan bu jan­dar­la­ryň berk go­ral­ma­gy, sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy, ha­sa­ba alyn­ma­gy bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Begenç Hemraýew,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň

Lebap welaýat bölüminiň başlygy.