Gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň köpüsiniň deňizde ýaşaýan görnüşleri ýa-da şolara meňzeşleri bolýar. Mysal üçin, pyşbagalaryň gury ýerde ýaşaýanlarynyň bolşy ýaly deňizde ýaşaýanlary hem bar. Balyklaryň ählisi suwda ýaşaýan hem bolsa, olaryň şor suwda (deňizde) ýaşaýanlary bilen süýji suwda (derýada, kölde) ýaşaýanlary başga görnüşli bolýar. Ýyly suwly deňizlerde ýaşaýan deňiz iňňesi atly balyk bolsa ýylana meňzeýär. Ýewropanyň kenaryndaky deňizlerde we Ortaýer deňzinde gabat gelýän bu jandarlaryň reňki, adatça, gögümtil çal we goýy çyzykly bolýar. Kiçi göwrümli bu balygyň (latynça: «Syngnathus Acus») täsin tarapy hameleonlar ýaly reňkini üýtgedip bilmegidir. Olar köplenç içinde ýaşaýan suwotularynyň sary we ýaşyl reňkine öwrülýärler.
Balygyň ýene bir täsin tarapy olaryň edil kenguruňky ýaly jübüleri bolup, çagalary ulalýança şol ýerde ýaşaýar. Çaga balyklar ulalandan soňra şol jübüden daşaryk çykýarlar. Eger haýsydyr bir howp duýsalar ýene yzyna girýärler.
Arkasyndaky ýüzgüçleri adaty ýüzgüje meňzeýän hem bolsa, guýrugyna ýakyn ýüzgüji kiçi bolýar. Balygyň daşy gaty teňňeler bilen örtülip, bu görnüşdäkisi deňiz taýçanagy, ýylan iňňesi, dilikli balyk ýaly beýleki jandarlar bilen bir maşgala degişlidir. Bu jandar suwasty otlaryň arasynda ýaşaýan oňurgasyz jandarlar we planktonlar bilen iýmitlenýär.