14-nji maýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty” atly utgaşdyrylan görnüşde halkara maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde guralan çärä türkmen alymlary we hünärmenleri, şeýle hem olaryň dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan kärdeşleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň, Saud Arabystanynyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Yragyň, Alžiriň, Owganystanyň, Täjigistanyň hem-de beýleki döwletleriň iri ylmy merkezleriniň, muzeýleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bar.
Maslahatlar zalynda Ylymlar akademiýasynyň degişli institutlarynyň hem-de paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar. Wideoaragatnaşyk boýunça olara dünýäniň dürli döwletlerinden wekiller goşuldy. Olaryň ylmy we döredijilik gyzyklanmalary Gündogaryň orta asyr eýýamy bilen baglydyr.
Çykyş edenler adamzadyň ruhy mirasynyň gözbaşlaryny öwrenmekde we aýawly saklamakda şu günki halkara forumyň ähmiýetini bellediler.
Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň esasy merkezleriniň biridir. Bu ýerde ajaýyp paýtagtlary bolan beýik imperiýalar döräp, olaryň uly gymmaty we umumadamzat ähmiýetine eýe bolan ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Alymlar Beýik Seljuklar döwrüniň taryhy, ykdysadyýeti we medeniýeti, edebiýaty barada gyzykly arheologik maglumatlar we golýazmalar bilen tanyşdyrdylar.
Käbir çykyşlar Soltan Sanjaryň döwründe Merkezi Aziýada bolan medeni durmuşyň aýratynlyklaryna, Seljuk hökümdarlarynyň dünýä medeniýetine we dünýä taryhynyň ösüşine goşan goşantlaryna bagyşlandy. Bellenilişi ýaly, hut Soltan Sanjaryň hökümdarlyk eden döwründe Günbatary we Gündogary birleşdiren beýik imperiýany dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösmegi üçin şertleri döretmegi başaran beýik seljuklar neberesi pajarlap ösýär.
Çykyşlarda Soltan Sanjaryň syýasy-diplomatik ýörelgeleri, onuň Bagdatdaky Abbasidler halyflygy, şeýle hem Anuş-Tegin we beýlekiler bilen gatnaşyklary açylyp görkezildi.
«Soltan Sanjar Merwi Beýik imperiýanyň paýtagtyna öwürýär. Bu ýere diňe galalary, köşkleri, metjitleri gurmaga mümkinçilik beren genji-hazynalar däl-de, eýsem, musulman dünýäsiniň akyldarlary, şahyrlar, suratkeşler we binagärler gelip, nesiller üçin öçmejek eserlerini goýdular. Şol döwri hakyky medeniýetiň gülläp ösen döwri diýip atlandyrýarlar. Binagärlikde we şekillendiriş sungatynda seljuklaryň gazananlary, olaryň senetçilik sungatynyň derejesi, döreden syýasy ulgamy hem-de dini taglymaty olary adamzadyň ösmegine ýol açan gadymy Gündogaryň esasy halklarynyň hataryna goşýar» diýip, çykyş edenler bellediler.
Beýik hökümdaryň ajaýyp ýadygärligi — şol döwrüň görnükli binagäri Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan XII asyryň ortasynda bina edilen Soltan Sanjaryň kümmeti barada hem durlup geçildi.
Bu ägirt gadymy bina Soltangalanyň merkezinde — Merw şäheriniň seljuk böleginde seleňläp otyr. Alymlar orta asyr golýazmalarynda ady ýygy-ýygydan agzalýan şular ýaly binagärlik ýadygärlikleriniň Ýer ýüzünde kän saklanyp galmandygyny bellediler.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň eýwanynda guralan sergi halkara foruma özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu sergide Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň taryh mowzugyna bagyşlanan eserleri, zergärleriň we senetçileriň önümleri görkezildi.