BMG-niň çak­la­ma­sy. BMG-niň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, şu ýyl dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti 5,4%-e çen­li öser. Bu ba­ra­da gu­ra­ma­nyň ösüş pers­pek­ti­wa­la­ry ba­ra­da­ky or­ta möh­let­li ha­sa­ba­tyn­da be­lle­nil­ýär. Ýan­war aýyn­da BMG di­ňe 4,7% ösü­şi çak­lap­dy. BMG-niň Glo­bal yk­dy­sa­dy gö­zeg­çi­lik bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Ha­mid Re­şi­diň bel­le­me­gi­ne gö­rä, glo­bal ösüş ABŞ-nyň we Hy­ta­ýyň yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­gi­niň güýç­len­me­gi, şeý­le hem pan­de­mi­ýa­dan soň­ra umu­my yk­dy­sa­dy di­ke­liş bi­len şert­le­nen­dir.

Kö­mür sarp edi­li­şi­ni azal­dar. Hy­taý 2030-njy ýy­la çen­li kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny azal­dyp, 2060-njy ýy­la çen­li ug­le­ro­dyň 0 de­re­je­si­ni ga­zan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Hy­ta­ýyň ýy­ly­lyk ener­gi­ýa­sy pu­da­gyn­da­ky tas­la­ma­la­ra hem-de kö­mür sarp edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi güýç­len­di­ren­di­gi, «14-nji bäş­ýyl­lyk» (2021-2025) we «15-nji bäş­ýyl­lyk» (2026-2030) me­ýil­na­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­rün­de köm­rüň ula­ny­ly­şy­ny kem-kem­den azalt­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gi ha­bar be­ril­ýär.

Af­ri­ka yk­dy­sa­dy­ýe­ti ma­li­ýe­leş­di­ri­ler. 18-nji maý­da Pa­riž­de Af­ri­ka yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ma­li­ýe­leş­dir­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra sam­mi­t ge­çi­ril­di. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty on­lar­ça ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­ny we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry­ny, şol san­da, Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy­ny öz içi­ne al­ýan bir­nä­çe hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­di. Bu sam­mit Af­ri­ka we Ýew­ro­pa li­der­le­ri hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni Af­ri­ka­da­ky yk­dy­sa­dy çök­gün­li­giň tä­si­ri­ne üns ber­mä­ge ça­gy­ran­dan soň gu­ral­dy. Mas­la­hat­da Af­ri­ka ýurt­la­ry­na yk­dy­sa­dy kö­mek ber­mek me­ýil­leş­di­ril­di.

Plas­tik ga­lyn­dy­lar azal­dy­lar. Ger­ma­ni­ýa­nyň fe­de­ral hö­kü­me­ti plas­tik ga­lyn­dy­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­mak­çy. Bun­des­tag­da­ky äh­li to­par­la­ryň ýur­duň Mi­nis­tr­ler Ka­bi­ne­tin­den şu me­se­lä­niň çöz­gü­di­ne ga­raş­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Ger­ma­ni­ýa­nyň Daş­ky gur­şaw mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan ýaý­ra­dy­lan ha­sa­bat­da ýurt­da her ýyl bir­nä­çe mil­liard plas­tik tor­ba ula­nyl­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. 2019-njy ýyl­da ger­ma­ni­ýa­ly­lar sa­tyn alyş wag­tyn­da su­per­mar­ket­ler­de, tak­my­nan, 3,65 mil­liard plas­tik tor­ba ula­nyp­dyr­lar.